Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Sergeý Lebedew türkmen Liderine GDA-nyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi
Syýasy habarlar
Sergeý Lebedew türkmen Liderine GDA-nyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi
Çap edildi 09.10.2019
846

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Öz adymdan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Geňeşiniň ХХIХ mejlisine gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Size şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabat şäherinde çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi we däbe öwrülen myhmansöýerlik görkezilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Mejlisiň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça garalan meseleler GDA gatnaşyjy döwletleriň garaýyşlarynyň ýakyndygyny, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň bardygyny nobatdaky gezek görkezdi. Şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň wekilleriniň «Saglyk — 2019» halkara sergisine we Siziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli eseriňiziň 11-nji jiltiniň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we Türkmenistanyň halkynyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklarynyň bähbidi ugrunda alyp barýan jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Sergeý LEBEDEW, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow