Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Çap edildi 07.10.2019
1148

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly, oňyn we ynanyşmak häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we tagallalarynda täze üstünlikler arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi, bu gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we açyklyk derejesi bilen tapawutlanýandygyny, şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda uly üstünlikleriň gazanylmagynda Russiýanyň Lideriniň şahsy goşandyny hem-de hemmetaraplaýyn goldawyny aýratyn belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar bilen baglylykda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, köpugurly uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar, şolaryň doly durmuşa geçirilmegi umumy bähbitlere kybap gelýär. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-russiýa Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, ol özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, işewürlik we maýa goýum gatnaşyklaryny höweslendirmäge häzirki zaman ýagdaýlary nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermelidir. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatşdaşlygyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan energetika pudagy, ulag ulgamy we beýlekiler türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ynsanperwer ugry döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar, bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk baý tejribesi toplanyldy hem-de bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň arasynda wagtyň synagyndan geçen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy gatnaşyklary geljekde hem pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirildi. Telefon söhbetdeşlegiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin şu hepdede Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine ünsi çekdiler hem-de Arkalaşygyň giňişliginde netijeli uzakmöhletleýin hyzmatşdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu sammitiň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň ugry boýunça tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksady bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtadandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara erk-islege esaslanýan däp bolan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler hem-de birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow