Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 06.10.2019
1173

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we döwletimiziň olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Karara laýyklykda bu çempionaty geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen ylalaşyp, Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek baradaky Düzgünnamany taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow