Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň sebitlerine we paýtagtymyza gözegçilik edýän wezipeli adamlary belledi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň sebitlerine we paýtagtymyza gözegçilik edýän wezipeli adamlary belledi
Çap edildi 05.10.2019
1071

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezow Balkan welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Daşoguz welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Resulowiç Meredow Lebap welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Mary welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow