Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy
Çap edildi 27.09.2019
1283

Şu gün ýurdumyzda Garaşsyzlyk güni bellenilýär. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny alandygy baradaky waka hökmünde häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik galjak kaşaň binagärlik nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň yglan edilen güni türkmen halkynyň şöhratly taryhyna bolan bimöçber söýgini alamatlandyrýan milli baýram bolup durýar. Taryhyň dowamynda köp nesilleriň özygtyýarly ösüş hakyndaky mukaddes arzuwlary asyrlar aşyp geldi. Onda mähriban Watanymyzyň oňyn ýörelgelerine, onuň şöhratynyň we abraýynyň belende galmagyna bolan arzuwlaryna ygrarlylygymyz jemlenendir. Garaşsyzlyk binasynyň tylla çaýylan belent başy gök diräp, ol säheriň güneşine özboluşly öwşün atýar. Binanyň öňündäki meýdançada aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň köp sanly myhmanlary ýygnandylar. Güýz şemalyna erkin pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, owadan gül çemenleri we adamlaryň şatlygy baýramçylygyň belent ruhuny görkezýär. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz halkara başlangyçlary öňe sürüp, durmuş maksatly giň möçberli taslamalaryň we Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny, onuň ykdysady kuwwatynyň berkemegini, gülläp ösmegini, türkmen halkynyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny esasy ugur edinýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine giň ýol açýar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize güýz güllerinden taýýarlanan gül çemenini gowşurdylar. Döwlet Baştutanymyz nesilleriň taryhy arabaglanyşygyny, halkymyzyň bitewüliginiň we agzybirliginiň kepilini alamatlandyrýan we bürünç heýkellerde bakylyga öwrülen halk gahrymanlarynyň şöhratly ýoluny mynasyp derejede dowam edýän Milli goşunymyzyň edermen esgerleriniň göni hatarynyň öňünden geçip meýdança geldi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Milli Liderimiz Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül çemenini goýdy. Bu güller bize parahat, asuda, eşretli we bagtyýar durmuşy eçilen beýik mukaddesligiň — Garaşsyzlygyň nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri nobatma-nobat gül desselerini goýdular. Türkmen diplomatlary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we paýtagtymyzyň köp sanly ilaty ýagşy dessura laýyklykda ýadygärlige gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar hem türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatyň nyşany hökmünde gül desselerini goýdular. Biraz wagtyň içinde toplumyň öňündäki meýdança al-elwan güllere beslendi. Bu görnüşler türkmen halkynyň watansöýüjilik duýgularyny has aýdyňlygy bilen äşgär edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, biziň ýagty geljege bolan ynamymyzyň pugtalanmagy ugrunda tagalla edýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan bimöçber söýginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow