Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2019
839

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýetip gelen baýramçylyk — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady hem-de milli Liderimize we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de täze taryhy döwürde ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi. Işewür «NATA Holding» kompaniýasynyň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýdyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen Halk Maslahatynyň düýn geçirilen mejlisiniň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Senagat hem-de ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açýar. Duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, köprüleriň hem-de demir ýol düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýan «NATA Holding» bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň netijelerine ýokary baha bermek bilen, işewür ulag ulgamynda täze bilelikdäki taslamalar babatda birnäçe tekliplerini beýan etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitli işewür gatnaşyklary berkitmek meselelerine türk hyzmatdaşlarynyň netijeli çemeleşýändigini nygtap, ýol-ulag desgalary gurlanda, täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işleri peýdalanmak, gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmek potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talap bolmagynda galýar diýip belledi. Duşuşygyň ahyrynda «NATA Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine, öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow