Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda
Çap edildi 25.09.2019
845

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda buýsançly netijeleri gazanýan Garaşsyz Watanymyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan giň gerimli bu işlere zenanlar hem işjeň gatnaşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyny üstünlikler bilen garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna milli däplerimiz esasynda edep-terbiýe bermekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda, maşgala ojagynyň mukaddesligini gorap saklamakda uly işleri bitirýän zenanlar sylag-hormata mynasypdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary, giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, bilim ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde, senagat pudagynda gazanan üstünlikleri we ýokary önümçilik-ykdysady görkezijileri üçin, aýratyn önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 81-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Halsoltan Azizowany, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki G.Burunow adyndaky 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Oguljemal Döwliýewany, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher hassahanasynyň deri keselleri bölüminiň hojalyk uýasy Annasoltan Gurbangulyýewany, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Hesel Arazklyçewany, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Darganata etrap bilim bölüminiň müdiri Rena Atajanowany, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň gözegçi ussasy Orazgül Nurimradowany. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow