Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 13.09.2019
1222

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan tutumly işleri, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, täze öwüşginlere eýe bolan milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler we şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulygyna çap edilýär. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow