Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
ESKATO-nyň ştab-kwartirasynda BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy hakynda hasabat beýan edildi
Syýasy habarlar
ESKATO-nyň ştab-kwartirasynda BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy hakynda hasabat beýan edildi
Çap edildi 30.08.2019
808

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş toparynyň ştab-kwartirasynda «Daş töwerek we betbagtçylyklar:Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde nogsanlyklaryň öwezini dolmak» ugurdaş çäresiniň çäklerinde betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Komitetiň Altynjy mejlisinide BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy (UN SPAS) bilen tanyşdyryldy, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Çärä BMG agza ýurtlaryň wekilýetleriniň resmi wekilleri, BMG-nyň Bangkokda ýerleşýän düzümleýin edaralarynyň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy bileleşigiň wekilleri gatnaşdylar. Hasabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän orny we BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörüte maksatnamasynyň (UN SPAS) geljekki formatyny kesgitlemek boýunça köptaraplaýyn maslahatlaryň ähmiýeti nygtaldy. Hasabat wagty wideoşekilli tanyşdyrylyş görkezildi, ol Türkmenistanyň «BMG-AHEHG» formatynda köptaraplaýyn maslahatlary taýýarlamakdaky we BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörüte maksatnamasynyň synag taslamasyna başlamagy babatda alyp barýan işleri barada anyk düşünje berdi. Günüň ikinji ýarymynda BMG-nyň Bangkokdaky Maslahatlar merkezinde geçirilen betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Komitetiň Altynjy mejlisinide BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy barada hasabat berildi. Mundan başga-da, Komiteitň mejlisiniň meýdançasynda ESKATO-nyň durnukly ösüş boýunça ýerine ýetirji direktorynyň orunbasary Kaweh Zahedi bilen duşuşykda Türkmenistanyň BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasyny ilerletmek boýunça tagallalary barada habar berildi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow