Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakynda
Çap edildi 30.08.2019
1044

Saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tutanýerli zähmetini, ilatymyzyň sagdyn ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi her ýylyň 10-njy oktýabrynda belläp geçmeli. 2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli. 3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. 4. Şu Perman 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 30-njy awgusty.

Soňky habarlar
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow