Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň telebäsleşigine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň telebäsleşigine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 24.08.2019
937

Berkarar döwletimiziň aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Mähriban ýaşlar! Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze aýdym-sazlar bilen barha kämilleşýän sungat äleminde size döredijilik üstünliklerini, juwan kalbyňyzdan joşup çykýan zehiniňiziň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyny ähli ulgamlar boýunça belent sepgitler, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmäge gönükdirilen tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanyp, Bitarap Türkmenistan döwletimiz asudalygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýaşlarymyzyň döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen alyp barýan köpugurly işlerimiziň netijeleri biziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gadyrly ýaşlar! Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde medeniýet ulgamyny hem ösdürmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, bu ugurda gazanylan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmak biziň öňümizde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine, şol sanda olaryň çäginde geçirilýän bäsleşiklere medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşmaklary we üstünlikli çykyş etmekleri türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny dünýä ýüzüne giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpugurly medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri täze zehinleriň kemala gelmegine, türkmen sungatyny düýpli ösdürmäge uly ýardam berýär. Ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi il içinden höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ençemesini ýüze çykaryp, olary türkmen sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, etraplaryndan, şäherlerinden we obalaryndan gatnaşan ýaş aýdymçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ykrar etdirip, sungatyň şaýoluna düşýärler. Bu gün dürli ýyllarda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi bolan ýaşlaryň köpüsi halypalyga ýetişdi. Ýurdumyzyň döwlet sylaglaryna, hormatly atlaryna mynasyp bolup, uly abraý gazandylar. Şonuň üçin hem biz bu döredijilik bäsleşigini türkmen sungatynda täze zehinleri kemala getirmekde aýratyn ähmiýetli medeni çäre hasaplaýarys. Biz geljekde-de berkarar döwletimiziň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge ukyply täze nesilleriň ýüze çykmagyna, olaryň barha kämilleşip, ussatlyga ýetişmegine ýardam berýän şeýle bäsleşikleri yzygiderli geçireris. Mähriban aýdymçy ýaşlar! Siziň juwan kalbyňyzdan joşup çykýan aýdymlar Garaşsyz döwletimiziň taryhy özgerişleriniň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň abadançylygynyň belent waspyna öwrülmelidir. Siziň ýerine ýetirýän aýdymlaryňyz mähriban watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere ruhlandyrmalydyr. Joşgunly aýdym-sazlara kalbynyň töründen orun beren halkymyz sungatyň sarpasyny hemişe belent tutýandyr. Garaşsyz ýurdumyzyň aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siziň milli aýdym-saz sungatymyzyň has-da rowaçlanmagy, kämilleşmegi ugrunda güýç-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, halypa bagşylarymyzyň, aýdymçylarymyzyň sungat älemindäki özboluşly döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirjekdigiňize, owazyňyzyň belentden ýaňlanjakdygyna pugta ynanýaryn. Siziň ähliňizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, sungat äleminde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow