Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda
Çap edildi 09.08.2019
1005

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2019-njy ýylyň 11 — 12 — 13-nji awgustynda bellemeli we şol günleri iş güni däl diýip yglan etmeli. 2. 2019-njy ýylyň 11-nji awgustyndaky dynç gününi 14-nji awgusta — çarşenbe gününe geçirmeli. 3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 9-njy awgusty.

Soňky habarlar
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow