Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, şolary ýerine ýetirmek üçin täze, döwrebap çözgütleri gözlemegiň zerurdygyny nygtady. Medeniýetiň ösdürilmegi durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugry, türkmen jemgyýetiniň strategik serişdesi bolmak bilen, milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki halkyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda, ilkinji nobatda ýaşlaryň hem-de ösüp gelýän nesliň arasynda jemgyýetçilik garaýşy kemala getirmek hut şonuň bilen üznüksiz baglydyr. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyndan doly derejede netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny giňden beýan etmek maksady bilen, pudagyň düzüminden, şol sanda milli emeli hemranyň, sanly telewideniýäniň, kitaphanalaryň, teatrlaryň we muzeýleriň, beýleki medeniýet ojaklarynyň mümkinçiliklerinden has giňden peýdalanmak möhümdir. Taryhy-medeni ýadygärlikleri we maddy däl mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklary artdyrmak, olary giňden wagyz etmek jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga hem-de halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmunyny we ähmiýetini anyk mysallar arkaly açyp görkezmäge çagyrdy. Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, şol sanda ýurdumyzy özümiziň azyklyk gallamyz bilen üpjün etmek, energetika howpsuzlygy, ulag-kommunikasiýa babatda ýeten sepgitlerini, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, olary öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alyp barýan işlerimiz giňden beýan edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykaryp, olary dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmak, Ýer ýüzüniň dürli döwletlerinden bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň özboluşly baýlygy — bu nesilden-nesle geçirilýän ruhy genji-hazynamyzdyr. Halkymyzyň ruhy däpleri dünýäniň medeni giňişligine giňden aralaşyp, umumadamzat baýlygy hökmünde siwilizasiýanyň gazananlaryny beýan edýär. Milli Liderimiz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeleri kesgitläp, ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat işgärleriň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, jemgyýete täsir etmek üçin žurnalistler, medeniýet we ideologiýa işgärleri bilimlere eýe bolup, giň gözýetimli, ähli ugurlarda dünýä meýillerini bilip, täzeçe oýlanmagy we işlemegi hem-de döwrüň talaplaryny ugur edinmelidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi we goldamagy netijesinde bu ugurda işleýän hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Döredijilik ugry «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çäreleriniň aýrylmaz bölegidir, sebäbi medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, sungat ussatlarynyň alyp barýan işleri Watanymyzyň üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini giňden wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini açyp görkezmäge, kuwwatly ykdysady özgertmelere we durmuş taýdan ösüşe itergi bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, medeniýetiň we metbugat ulgamynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň esasyny düzýän hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň netijeli guralydyr. Medeniýet ulgamynda her bir gazanylan üstünlik dürli durmuş wezipeleriniň toplumyny özünde jemläp, milletiň ruhy-ahlak kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde medeni gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Medeni gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler döwletara hyzmatdaşlygyň gepleşikleriniň barşynda we gazanylýan ylalaşyklarda öz beýanyny tapýar. 2019-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çärelere badalga bermek dabarasy 9-njy ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, şeýle hem medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şunuň ýaly çäreler şol gün welaýat merkezlerinde hem geçirildi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy hökümetiň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanyldy. Bu çäreleriň guramaçylygyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň häzirki gazananlaryny we baý medeni mirasyny ýaýmakda, daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmekde olaryň aýratyn ähmiýetini belledi. Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 14-nji fewralda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň medeni mirasyny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we aýawly saklamak boýunça alnyp barylýan işlere goldaw bermek meseleleri barada durup geçdi. Milli Liderimiz jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna ýetmäge, beýik işlere ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik duýgusynda terbiýelemek maksady bilen, teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň, edebiýatyň görnükli wekilleriniň birnäçesiniň atlaryny hem ebedileşdirmegi teklip etdi. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli medeni çäreler, şol sanda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we bäsleşikler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar we beýleki çäreler geçirildi. 17-nji fewralda Döwlet sirkinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan tutuş dünýäde türkmen milli mirasyny wagyz etmekde uly üstünlikleri gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ýetişdirilen Ruhubelent diýen ajaýyp bedewiň sowgat gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň medeniýeti ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda bu toparyň abraýly halkara bäsleşikleriň ençemesine gatnaşyp, ýokary baýraklary eýeländigini bellemelidiris. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» mowzugy boýunça geçirilen duşuşykda milli mirasymyzy aýawly saklamak we giňden wagyz etmek meselelerine garaldy. Bu çäre 12-nji martda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik sergä bagyşlandy. Sergi 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinden şu ýylyň 13-nji iýunyna çenli Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň Arheologik muzeýinde, Mangeým şäherindäki Raýs — Engelhorn muzeýler toplumynda geçirildi. Serginiň ekspozisiýasyna ýurdumyzyň üç muzeýiniň — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 220-ä golaý gymmatlygy girdi. Serginiň işlän döwründe oňa 416 müňden gowrak adam baryp gördi. Geçen ýarym ýylyň dowamynda medeniýet ulgamynda giň möçberli wakalar bolup geçdi, ýurdumyzda hem-de onuň çäginden daşarda milli mirasymyzy we döwletimiziň täze taryhy döwürde gazanan üstünliklerini wagyz etmäge bagyşlanan dürli çäreler geçirildi. Hususan-da, şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleriniň dostlukly ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine, Türkmenistanyň Arap ýarym adasynyň ýurtlary bilen taryhy we medeni gatnaşyklaryna bagyşlanan meseleler boýunça çykyş etdiler. Eýran Yslam Respublikasynda we Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem halkymyzyň ruhy mirasyny, eziz Watanymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge ýardam etdi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Kazan şäherinde bolan wagtlary Sabantuý baýramçylygyna gatnaşmagy ýarym ýyllygyň möhüm wakasyna öwrüldi. Bu baýramçylyga ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilenden soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bardylar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri şeýle hem, Germaniýada, Awstriýada, Ýaponiýada, BAE-de we beýleki ýurtlarda geçirilen halkara forumlara gatnaşdylar. Aşgabatda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guralan çärelerde — kinofilmleriň görkezilişinde, sergilerde, aýdym-sazly agşamlarda, sahna oýunlarynda hem ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyk mowzugy açylyp görkezildi. Milli däpleriň we häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy 21-nji martda giňden bellenip geçilen Halkara Nowruz gününiň —–Milli bahar baýramynyň çärelerinde aýdyň beýanyny tapdy. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Ahal welaýatyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Däp bolşy ýaly, «Nowruz ýaýlasynda» guralan giň gerimli folklor-etnografik çykyşlar baýramçylyk çäresiniň esasy wakasyna öwrüldi. Myhmanlaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri, şeýle hem «Nowruznama» kitaby esasynda taýýarlanan özüne çekiji, täsirli sahna eserleri ýaýbaňlandyryldy. Şolarda bu nurana baýramçylygy garşylamagyň gadymy däpleri öz beýanyny tapdy. 24 — 28-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna konsertler, edebi aýdym-sazly çykyşlar, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler we sergiler, sirk çykyşlary, sahna oýunlary we beýleki çäreler guraldy. Medeni diplomatiýa ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga ýardam edýär, onuň okgunly innowasion ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 14 — 17-nji maýda geçirilen XIV forumy dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmekde medeni diplomatiýanyň eýeleýän möhüm ornunyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Forum giň halkara ykrarnama eýe boldy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bitewi ynsanperwer giňişligini pugtalandyrmaga saldamly goşant goşdy, ylym we medeniýet ulgamynda köp sanly täze köpugurly hyzmatdaşlygyň döremegine ýardam etdi. GDA ýurtlarynyň ählisinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Bu wakanyň halklaryň arasyndaky ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigini aýratyn bellemelidiris. Aşgabatda geçirilen forumyň barşynda möhüm çäreleriň birnäçesi guraldy. Şolaryň hatarynda däp bolan «Arkalaşygyň ýyldyzy» döwletara baýragyny gowşurmak dabarasyny görkezmek bolar. Ilkinji gezek bu abraýly baýraga ýurdumyzyň medeniýetiniň wekili — Türkmenistanyň halk artisti A.Garýagdyýew mynasyp boldy. Abraýly baýraga mynasyp bolanlar ýokary okuw mekdepleriniň we ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de teatr sungatynyň işgärleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň sowgatlyk neşirleri gowşuryldy. Ýurdumyzyň Baş drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň esasynda döredilen «Dutaryň owazy» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy, Mukamlar köşgünde bolsa Türkmenistanyň we Arkalaşyga agza döwletleriň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Her ýyl 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyna gabatlanylyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi şu ýyl Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda guraldy. Bu çärä ýurdumyzyň ähli künjeklerinden döredijilik işgärleriniň gatnaşmagy giňden tejribe alyşmaga, medeniýet we sungat wekilleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Hepdeligiň çäklerinde medeni merkezlerde hem-de açyk meýdançalarda konsertler, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň sergileri, döredijilik duşuşyklary hem-de maslahatlar guraldy. Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň sahnasynda «Aşyk Çaňly» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Bu oýny Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň döredijilik topary goýdy. Foruma gatnaşyjylar Magtymguly etrabynyň taryhy we tebigy ajaýyplyklary bilen tanyşdylar. Magtymguly Pyragynyň dogduk obasy bolan Gerkez obasynda uly baýramçylyk konserti boldy. Aýdym-sazly çykyşlar giň möçberli döredijilik forumynyň özboluşly jemlemesine öwrüldi. Ol Magtymguly etrabynyň merkezinde ýerleşýän beýik şahyryň muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu çärä ýurdumyzyň belli artistleri, ýaş estrada ýerine ýetirijileri, milli sungatymyzyň ýyldyzlary, dürli bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşdylar. Medeniýet hepdeligini geçirmek gezegini indiki welaýata gowşurmak çäresi dabaranyň aýgytly pursatlarynyň birine öwrüldi. 2020-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler. Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler goýuldy. Şol wezipeler bolsa halkymyzyň täsin döredijilik däplerini üstünlikli dowam etdirmekden, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny aýawly saklamakdan, döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döretmekden, Garaşsyzlyk eýýamynda gazanylan üstünlikleri makalalarda, tele we radiogepleşiklerde açyp görkezmekden ybaratdyr. Hökümetiň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna we Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna bagyşlap, tele we radioýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramak, teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze sahna hem-de aýdym-saz eserlerini görkezmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Bu tabşyryk örän möhümdir, çünki baýramçylyklar milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar, olar ösüp gelýän ýaş nesliň milli aňyýetiniň kemala gelmeginde uly orun eýeleýär. Halk baýramlarynyň köp sanly däp-dessurlarynyň özboluşly çuňňur many-mazmuny bardyr. Aýdymlar we sazlar, tanslar, oýunlar we güýmenjeler, bereketli saçaklar, däbe öwrülen senetler bilen bagly bilimler we endikler, atçylyk we seýisçilik sungaty — bularyň hemmesi milli medeniýetiň köpugurly düşünjesine girýär. Döwrüň ýagdaýlary hem-de tehniki ösüşiň gazananlary häzirki zaman çözgütleriň tapylmagyny talap edip, şolary ýurdumyzy ösdürmegiň maksatlaryna, aň-düşündiriş işlerine gönükdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň medeniýet edaralarynyň, degişli ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipeleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gozgaýan meseleleri türkmen jemgyýetiniň medeni derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän gündelik medeni-köpçülikleýin işinden başlap, medeniýet ulgamynda ylmy işiň usullaryny döretmäge, milletiň täsin taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we giňden ýaýmaga, türkmen ýaşlarynyň döredijilik bilen meşgullanmaga, milli mirasy öwrenmäge we ruhy taýdan ösmegini höweslendirmäge çenli wajyp meseleleriň ençemesini öz içine alýar. Milli mirasy giňden ýaýmaga aýratyn üns berilýär. Taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, halk döredijiliginiň özboluşly eserleri hem-de aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň ajaýyp nusgalary we beýlekiler şol mirasyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzda türkmen halkynyň gadymy milli däp-dessurlaryny, pähimlerini we medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça işler 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasyny ýygnamak, hasaba almak, öwrenmek we goramak baradaky Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen ýörite toparlar döredildi. Olaryň düzümine alymlar, medeniýet ulgamynyň işgärleri girdiler. Ýerlere amala aşyrylan saparlaryň barşynda olar baý maglumatlary we gymmatlyklary topladylar. Häzirki wagtda şolary öwrenmek we tapgyrlaýyn tertibe salmak işleri alnyp barylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda — Türkmenistanyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň 2018 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna laýyklykda, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde, ýurdumyzyň alymlary we hünärmenleri taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik barlag işlerini alyp barýarlar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýeti öwrenýän alymlaryna, bu ulgamyň hünärmenlerine degişli maglumatlary we serişdeleri ýygnamak bilen çäklenmän, şolary tertipleşdirmek, umumylaşdyrmak, nazaryýet barlaglaryny geçirmek bilen meşgullanmagy, täze ylmy-barlag çemeleşmelerini we usulyýet gurallaryny ulanmagy, täze pikirleri öňe sürmegi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmegi, ylym tarapyndan öwrenilýän medeni ýagdaýlaryň many-mazmunyny esaslandyrmagy maslahat berýär. Türkmenistanda zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak we okatmak üçin ähli şertler döredildi. Ýörite sungat mekdepleriniň, ýurdumyzyň ähli etraplarynda hereket edýän oba Medeniýet öýleriniň ulgamy giňelýär, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde we ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik bäsleşiklerini geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakyn wagtda geçiriljek çäreleriň hatarynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň hem-de zehinli çagalaryň arasynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň jemini jemlemek çäresini görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň baýragyny almak ugrunda her ýyl geçirilýän bu bäsleşik döredijilik işgärleriniň hünäriniň ýokarlanmagyna, zehinleriň ýüze çykarylmagyna, ýaşlary milli medeniýetiň genji-hazynasy bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde goýan wezipeleriniň çözülmegi ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere täze kuwwatly itergi bermelidir.