Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Ykdysadyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Çap edildi 28.06.2019
1311

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu möhüm maýa goýum taslamasy milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol strategiýanyň esasy ugry gazy we nebiti gazyp almagyň mukdaryny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köptaraply ulgamyny kemala getirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybaratdyr. Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge we ýokary hilli bäsdeşlige ukyply halkara ölçeglere kybap gelýän hem-de içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän önümleri çykarmaga ýöriteleşen ýokary tehnologiýaly önümleriň döredilmegine ýokary derejede ähmiýet berýär. Munuň senagat möçberde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik awtoulag ýangyjynyň çykaryljak dünýäde ilkinji zawoddygyny aýratyn bellemek gerek. Şeýlelikde, ony täsin diýip doly esas bilen ynamly atlandyryp bolar. Çig mal serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde öňdäki orny eýeleýär. Ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň innowasion taýdan ösüşini üpjün edýär, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Umuman, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny netijeli we oýlanyşykly ulanmaga, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, onuň eksport kuwwatyny artdyrmaga, häzirki zamanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir. Bu ulgamda kabul edilen maksatnamalaryň hem-de bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi Watanymyzyň yzygiderli ösüşine, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň durnukly ýokarlanmagyna hyzmat etmegine niýetlenendir. Şoňa görä-de, Ahal welaýatynda gurlan iri senagat desgasynyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2019-njy ýylda işläp başlamagynyň özboluşly manysy bardyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary, şol sanda gaz we nebithimiýa ulgamyndaky taslamalar diňe bir içerki bähbitlere gönükdirilmän, eýsem, umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem ýardam edýär. Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem anyk ýagdaýy bolup durýar. Täze senagat toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. Bu baradaky degişli ylalaşyga 2013-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilendigini ýatlamak gerek. 2014-nji ýylyň awgustynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda kärhananyň düýbi tutuldy. «GTG» (gas to gasoline) taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan TIGAS tehnologiýasyna esaslanandyr. Bu tehnologiýa ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşyklykda örän az mukdarda energiýa sarp edilmegi we daşky gurşawa örän az möçberde täsir edilmegi bilen ýokary hilli benzin öndürmäge mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, tebigat we adamlaryň saglygy üçin howpsuzlyk hormatly Prezidentimiziň innowasion häsiýetli senagat önümçilikleri döretmäge hem-de olaryň işlerini guramaga yzygiderli talaby bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine hem ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz özara baglylykda garalýandygyny nygtamak gerek. Zawodda her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetik benziniň 600 müň tonnasy, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy çykarylar. Ýeri gelende aýtsak, sintetik benzin nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýan adaty benzinlere diňe bir bäsdeş bolman, eýsem, energiýa serişdesiniň täze görnüşi bolup durýar. Ol hereketlendirijileriň gurluşyny üýtgetmezden, awtoulag ýangyjy hökmünde-de ulanylyp bilinýär we mundan başga-da, şepbeşikligi ýokary bolan nebiti garmaga, şeýle hem nebitiň gaýtadan işlenmeginden alnan benzinleriň görnüşleri bilen goşmaga laýyk gelýär. Bu bolsa ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň «Mizan» işewürlik merkezine geldi. Bu ýerde täze senagat toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde dabaraly mejlis geçirildi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de şanly waka mynasybetli ýurdumyza gelen ýapon wekiliýetiniň ýolbaşçylary mübäreklediler. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň ýygnanan maslahatlar zalyna geçýär. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Hemmeler milli Liderimizi uly joşgun bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli täzeçillik syýasaty netijesinde bu iri möçberli taslama amala aşyryldy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyza ylmyň iň öňdebaryjy gazanylanlary esasynda gurlan ýokary tehnologiýaly zawodyň açylmagyna taýýardygy barada hasabat berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, hemmeleri tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän zawodyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Siziň bilşiňiz ýaly, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty berkarar Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynyň ähli ulgamynyň binýady bolup durýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklaryň esasy ugruny kesgitleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz ähli gyzyklanýan taraplar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge, söwda, ulag-kommunikasiýa gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyzyň çäkleriniň üsti bilen harytlaryň geçiriljek amatly ugurlaryny hödürläp, biz ykdysady polýuslary we iri bazarlary özara baglanyşdyrýarys. Biziň ykdysady nusgamyz iň gowy dünýä tejribesini nazara almak bilen, döwlet we milli bähbitler, sebit hem-de ählumumy durnukly ösüşiň wezipeleri esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hyzmatdaşlyk etmegiň ähli ugurlarynda özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurt kompaniýalaryny biziň giň gerimli üpjünçilik we senagat taslamalarymyza maýa goýumlaryny goýmaga nähili güýjüň çekýändigi barada aýdyp, elbetde, olary ykdysady bähbidiň çekýändigini, sebäbi, ata Watanymyzyň ägirt köp tebigy serişdelerine eýedigini belledi. Şol baýlyklary netijeli ulanmak, olary diňe bir döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň çeşmesine öwürmek bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly dünýä meselelerini çözmegiň hem serişdesine öwürmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu bolsa goşmaça gymmaty ýokary bolan harytlary öndürmegiň ähli tapgyrlaryny döretmek üçin ägirt uly çig mal gorlaryndan başga-da, Türkmenistanyň sebit bazarlarynda geljegi uly bolan täsirli döwlet hökmünde daşary ýurt işewürlerini özüne çekmegine hem ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Muňa jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň ýokary görkezijini (bütin dünýäde ýokary görkezijileriň birini) gazanmagy hem doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna, şol sanda üstaşyr-ulag geçelgelerini we innowasion-senagat taýdan ösüşiň täze ugurlaryny döretmek arkaly işjeň goşulýandygy görkezýär. Häzirki döwürde dünýä dördünji senagat rewolýusiýasyny başdan geçirýär. Biziň ýurdumyz hem tehnologiýalary we nou-haulary alyşmak, ylmy köp talap edýän önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda aň-bilim ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly utgaşmagy gazanmak arkaly bu işlere giňden çekilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymy, ýokary tehnologiýalar we dolandyryş çözgütleri bize öz zähmet hem-de çig mal serişdelerimizi giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Ykdysady ösüşi çalt gazanmak üçin giň şertleri döredýär. Sanly ykdysadyýete geçmek bilen, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň, bazar we düzümleýin özgertmeleri geçirmegiň, gaýtadan işleýän pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyry başlanýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň bütin dünýäde dokma harytlaryndan başlap, gazhimiýa önümlerine çenli harytlary eksport edýän iri döwlet hökmünde orny güýçlenýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak baradaky aýgytly pikirini aýratyn belledi. Bu syýasat ýurdumyzyň ykdysadyýetini täzeden ýokary götermek üçin esasy şert bolup durýar. Ol milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyply bolmagyny, mynasyp hyzmatdaş hökmünde mertebesini berkidýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýädäki diplomatik abraýyny ýokarlandyrýar. Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly, nebitgaz pudagynyň önümleriniň halkara bazarda uly isleg bildirilýän görnüşlerini öndürmek esasynda ýurdumyzy ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda, bu ugurda eýýäm ençeme taslamalar amala aşyryldy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ulanylmaga berlen polimer zawody munuň aýdyň mysalydyr. Biz şu gün ýene-de bir şanly wakanyň şaýady bolýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň şu güni önümçilik maksatly täze desga, ýagny tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawod işe girizilýär. Şular ýaly görlüp-eşidilmedik taslamalary amala aşyryp, biz ýurdumyzyň bütin dünýä üçin geljege gönükdirilen «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň iň işjeň merkezleriniň birine öwrülmegi üçin zerur bolan şertleri döredýäris. Bu döwrebap senagat desgasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň dünýä belli öndürijileriniň, iň täze ylmy tehnologiýalary hem-de enjamlary bilen üpjün edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Täze kärhanada her ýyl 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyç» gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna hem suwuklandyrylan gaz öndüriler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Kriminalistik barlaglar merkezinde täze benziniň fiziki-himiki häsiýetine seljerme geçirildi. Seljermäniň netijeleri alnan benziniň EСО-93 kysymly benzine Döwlet standartynyň bildirýän talaplaryna, himiki düzümi boýunça bolsa, ekologiýa howpsuzlygynyň 5-nji derejesine laýyk gelýändigini görkezdi. Alnan EСО-93 kysymly benzin bilen nebitden alnan benziniň hil taýdan häsiýetnamalary deňeşdirilip, olara baha berlende, EСО-93 benzini ulanylanda onuň düzüminde kükürdiň 50 esse, benzolyň 3,5 esse, beýleki ysly uglewodlaryň hem 20 göterim azdygy anyklandy. Bu ýagdaý bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu taslamanyň umumy bahasy 1 milliard 700 million amerikan dollaryna barabardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Taslamany maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşdy. Bu kärhananyň işe girizilmegi bilen, 800-e golaý goşmaça iş orunlary döredildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça onuň gurluşyk işlerini «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy hem-de «Rönesans» türk kompaniýasy amala aşyrdy. Täze zawodyň düzümi dört sany tehnologik desgadan ybaratdyr. Şolar gazy sintezleýän, sintetik metanoly we sintetik benzini öndürýän, awtomobil ýangyjynyň hilini ýokarlandyrýan desgalardyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Mundan başga-da, bu ýerde tehnologik işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan gysylan howany, azody we kislorody öndürýän kömekçi tehnologik desgalar hem işlediler. Ähli önümçilik ulgamy awtomatlaşdyrylyp, ony dolandyrmak merkezleşdirilip amala aşyrylar. Kärhanada işleýän ýerli hünärmenler Ýaponiýadaky ýöriteleşdirilen kompaniýalarda okadyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu täze zawodynyň köp görkezijiler boýunça ýeke-täk kärhanadygyny ýene-de bir gezek belläp, dünýäde ilkinji gezek bu kärhanada tebigy gazyň senagat möçberinde suwuk ýangyja öwrülýändigini nygtady. Bu ägirt uly çözgüt, GTG — gas to gasoline taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň işläp taýýarlan TIGAS tehnologiýasy boýunça amala aşyrylýar. Şeýlelikde, GTG tehnologiýasy täjirçilik derejesinde dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasyna laýyklykda, biz ýakyn wagtda Balkan, Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlarynda ýene-de ençeme gazhimiýa toplumlaryny hem-de zawodlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu senagat desgalary bilen birlikde, durmuş maksatly binalary hem gurarys. Munuň özi mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyryp, hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga ýardam berer diýip, milli Liderimiz nygtady. Garaşsyz Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli alyp barar. Şol kompaniýalaryň ýurdumyzda işlemegine geljekde hem ýardam berip, olar bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu bolsa öz gezeginde biziň sebitimiziň ykdysady mümkinçiligine we halklarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de sözüniň ahyrynda hemmeleri şu günki şatlykly waka — tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän täze zawodyň ulanylmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Soňra dabara gatnaşyjylara 360 gradus ölçegindäki giňişleýin ekranda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň kuwwaty barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän wideofilm görkezildi. Ol wideoşekiller Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinden başlap, taryha özboluşly gezelenç etmäge, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň häzirki zamanda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol üstünlikleriň hatarynda ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi, Ahal welaýatynda täze senagat desgasynyň gurulmagyny goşmak bilen kuwwatly senagat düzümleriniň döredilmegi ýaly işler bar. Soňra daşary ýurtly myhmanlara söz berildi. Ilki bilen çykyş eden Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Ýoşihiko Isozaki şu günki dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, öz ýurdunyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň gutlag hatyny okady. Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýapon hökümetiniň adyndan döwlet Baştutanymyzy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde gurlan täze gazhimiýa toplumynyň Türkmenistanyň senagat ulgamynyň has-da ösmegine hem-de halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň dowamynda taraplaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy. Şol gatnaşyklar öz ösüşinde hil taýdan täze depgine eýe boldy, bu bolsa bilelikdäki ençeme ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde beýanyny tapýar. 2015-nji ýylda bolan ýokary derejedäki özara saparlar netijeli döwletara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi hem-de has anyk mazmun berdi. Bu ýagdaýlar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň görkezijileridir. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen we baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär hem-de Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Premýer-ministr Sindzo Abeniň gutlagynda belleýşi ýaly, ol öz ýurdunyň Türkmenistanyň senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de eksport kuwwatyny amala aşyrmaga uly goşant goşýandygyna örän şat. Dostlukly döwletiň hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeň ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi hem-de däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde has-da giňeltmäge Ýaponiýanyň taýýardygyny tassyklady. Premýer-ministr Sindzo Abe hatynyň ahyrynda täze zawodyň gurluşygyna gatnaşanlaryň ählisine hoşallyk bildirdi hem-de dabara gatnaşyjylara berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Soňra çykyş eden Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we bu ýere ýygnananlaryň ählisini gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de onuň ulanylmaga berilmegi bilen mähirli gutlady. Myhman şu dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň nyşany bolan täze zawodyň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şunda işjeň hyzmatdaşlyk edilmeginde birnäçe möhüm iri möçberli düzümleýin taslamalaryň bardygy bellenildi. Şu babatda tebigy gazdan benzin öndürýän täze zawod ajaýyp mysallaryň biridir. Jenap Matsuşita Şinpeiň nygtaýşy ýaly, ol öňdebaryjy ýapon tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň senagat toplumyny yzygiderli ösdürmäge ýardam berýändigine buýsanýar. Halkara gatnaşyklar, şol sanda ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar ýyl-ýyldan giňeýär. Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklar yzygiderli berkeýär. Bu hem däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň maksatlaryna hyzmat edýär diýip, myhman belledi hem-de hemmeleri şu günki ajaýyp waka bilen ýene-de bir gezek gutlady. Dabara tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda birnäçe abraýly güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy bilen dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemijä söz berildi. Ol täsin senagat desgasynyň — dünýäde şunuň ýaly ilkinji desganyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlagyny aýtdy. Dabaraly ýagdaýda bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda hanym Subaşi-Gemiji «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» diýen güwänamany gowşurdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň Ýewropa sebiti boýunça utgaşdyryjysy hanym Piýa Skambelluri çykyş etdi. Myhman täze tehnologik we ekologiýa taýdan arassa zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimize gaznanyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de munuň özi üçin örän uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Gündogar bilen Günbataryň, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda baglanyşdyryjy halka bolan Türkmenistanyň baý taryhy bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan öz ösüşinde kuwwatly öňegidişlik gazandy. Deňi-taýy bolmadyk bu kärhananyň ulanylmaga berilmeginiň şeýle möhüm waka bolmagynyň örän köp sebäbi bar. Şol sebäpleriň esasysy bu taslamanyň ekologik tarapydyr hem-de biziň geljegimiz baradaky aladadyr diýip, hanym Piýa Skambelluri aýtdy. Galyndylary gaýtadan ulanmak boýunça täsin tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bu senagat desgasyny dünýäde iň arassa zawod hökmünde öňe çykarýar, bu bolsa beýleki ýurtlar üçin nusgalyk bolup hyzmat edýär. Ilatyň saglygyny ekologiýa howplaryndan goramak babatda öňdebaryjy bolmak bilen, gazna oýlanyşykly, sowatly meýilleşdirmegiň we dizaýnyň, iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň daşky gurşawy iň oňat geljegiň bähbidine adamlaryň saglygyny goramagy üpjün etmek arkaly ykdysady ösüşlere mümkinçilik berýändigi baradaky ynamy öňe sürýär. Myhman bu taslamanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň şu asylly maksatlara ygrarlydygyny görkezýändigini, ýurduň yzygiderli ykdysady ösüşine ýardam berýändigini we şonuň bilen birlikde, sebitiň halklarynyň abadançylygyna hyzmat edýändigini nygtady. Hanym Piýa Skambelluri şeýle nusgalyk görelde üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dabaraly ýagdaýda «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänamany we degişli nyşany gowşurdy. Soňra Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň energetika bölüminiň müdiri jenap Urs Waýdmana söz berildi. Myhman ýurdumyza gelip görmäge hem-de şu günki dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, bu günki günüň aýratyndygyny, çünki onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda täze täsin zawodyň açylmagy bilen alamatlanandygyny belledi. Bu taslama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça beýleki ýurtlar üçin aýdyň nusga bolup durýar hem-de türkmen Lideriniň ekologiýa meselelerini çözmäge öňdengörüjilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, jenap Urs Waýdman bu deňsiz-taýsyz taslamanyň, bir tarapdan, milli ykdysadyýeti ösdürmekde möhüm ädim, beýleki tarapdan bolsa, bütin Ýewraziýa sebitiniň düzümine anyk maýa goýum bolup durýandygyny belledi. Ulanmaga tabşyrylýan zawod geljekki ösüşler üçin örän uly ähmiýete eýedir. Ykdysady nukdaýnazardan ol energetika senagaty ulgamynda goňşy ýurtlar bilen işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Türkmenistan üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, myhman aýtdy. Jenap Urs Waýdman çykyşyny tamamlap, «Innowasion tehnologiýa» boýunça güwänamany we nyşany gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çäräniň dabaraly böleginiň netijelerini jemläp hem-de bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin çykarýan zawodyň açylmagynyň diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň hünärmenleriniň, aýratyn-da, alymlaryň bu kärhanany gurmakdaky netijeli işlerini belläp, degişli hünärmenleriň, önümçilikdäki alymlaryň gatnaşmagynda şu günki waka bagyşlanan brifingi geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de şu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. Bularyň ählisi ylmy binýady pugtalandyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek, düýpli nazary ylymlara daýanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça çäreleriň dowamlydygynyň aýdyň subutnamasy bolar diýip, milli Liderimiz belledi. Soňra milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu kitapda ýapon myhmanlary hem ýadygärlik ýazgy goýdular. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň «Mizan» işewürlik merkezinden Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan sintetiki ýangyç öndürýän zawodyň ýerleşen ýerine tarap ugrady. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hem täze senagat toplumyna tarap ýola düşdüler. Şu gün bu ýerde ir ertirden uly baýramçylyk we ýokary ruhubelentlik dabaralanýar. Milli Liderimizi hökümetiň agzalary, Ahal welaýatynyň häkimi hem-de ýurdumyza gelen ýapon wekiliýetiniň ýolbaşçylary garşyladylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly tans kompozisiýasy dabaralara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Esasy pursat gelip ýetýär: bu ýere ýygnananlaryň dostlukly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär — täze möhüm senagat desgasy açyldy! Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň dolandyryş merkezine tarap ugraýar. Bu ýerde kärhananyň ýolbaşçysy milli Liderimizi täze toplum bilen tanyşdyrýar. Ekranda zawodyň aýratynlygyny, gazy düýpli gaýtadan işlemegiň we taýýar önümi çykarmagyň önümçilik işleriniň hemme tapgyrlaryny aýdyň görkezýän wideofilm görkezilýär. Çäklerinde kümüşsöw metal gurnamalaryň hem-de dürli görnüşdäki we ölçegdäki modullaryň tehnogen toplumy peýda bolan täze zawod öz keşbi bilen iň häzirki zaman äpet uly ylmy-tehniki barlaghanany ýatladýar. Gazy suwuk ýangyja öwürmek işi tehnologik gurnamalaryň, ilkinji nobatda, tebigy gazy düýpli arassalamak, gazy we metanoly sintezlemek boýunça, şeýle hem benzini almak we has arassalamak boýunça gurnamalaryň uly halkalarynyň gurulmagyny talap etdi. Bu ýerde ýokary basyşyň astynda hem-de örän uly temperaturalarda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazyň suwuk uglewodoroda öwrülmegi amala aşyrylýar. Hemme işler awtomatlaşdyrylandyr we merkezden dolandyrylýar. Ilki bilen gaz kükürtli wodoroddan arassalanylýar. Rekatorlaryň içinde ýerleşen katalizatorlaryň kömegi bilen kükürdiň organiki birleşmeleri kükürtli wodoroda öwrülýär. Soňra gyzdyryjy peçde gazyň gyzgynlyk derejesi ýokarlandyrylyp, kükürtden arassalanan gaz, reaktorlarda öz düzümindäki uglewodorod birleşmelerini monooksid ugleroda (СO), dioksid ugleroda (СO2), wodoroda (H) we metanyň garyndylaryna öwrülýär. Soňra gazyň gyzgynlyk derejesi tehnologik gyzdyryjy pejinde ýokarlandyrylyp, awtotermiki riforming reaktoryna gönükdirilýär. Şol ýerde tehnologik gaz kislorod bilen reaksiýa girip, ýanmak we uglewodorodlaryň belli bir böleginiň dargadylmagy amala aşyrylýar. Şeýlelikde, riforming reaksiýasynyň netijesinde gazyň gyzgynlyk derejesiniň galmagy sebäpli ýylylyk çalşyjylarda sowadylýar. Gaz sintezleýji desganyň soňky tapgyryndaky ýörite gaz sintezini arassalaýjy reaktorlaryň kömegi bilen, gazyň düzümindäki sinil kislotasy (HCN) ammiaga (NH3) öwrülýär. Sinil kislotasyndan arassalanan gazyň sinteziniň basyşy kuwwatly gaz gysyjy enjamlaryň kömegi bilen ýokarlandyrylyp, yzygider ýerleşen dört sany metanol reaktoryna iberilýär. Katalizatorlaryň kömegi bilen, gazyň sinteziniň düzümindäki wodorod, monooksid, dioksid uglerodlar özara täsirleşip, metanola öwrülýär. Emele gelen metanol ergini göwrümi 7600 kub metr çelekde saklanylýar. Metanol saklanylýan çelekden sintez metanol ergini sorujy enjamlaryň kömegi bilen akdyrylyp, yzygiderlilikde ýerleşen üç sany ýylylyk çalşyjylarda gyzgynlygy ýokary galdyrylyp, alty sany benzin reaktoryna gelip gowuşýar. Bu ýerde katalizatorlaryň kömegi bilen ýokary gyzgynlykdaky sintez metanoly sintez benzinine öwrülýär. Soňra kadalaşmadyk sintez benziniň ýylylyk çalşyjy enjamlarda gyzgynlyk derejesi pese düşürilýär we ahyrky separatora ugradylýar. Bu separatorda benziniň düzümindäki ýeňil gazlar hem-de kondensat suwlar bölünip aýrylýar we çig benzin alynýar. Benziniň hilini ýokarlandyrmak desgasynda birinji tapgyrda çig benziniň düzüminden metan we etan gazlary bölünip aýrylýar, ikinji tapgyrda benzin ergini suwuklandyrylan gazy benzinden bölüji enjama gönükdirilýär. Üçünji tapgyrda benzin ýörite bölüji enjama akdyrylýar hem-de ýeňil benzine we düzüminde durol bolan agyr benzine bölünýär. Bölünen ýeňil benzin göwrümi 850 kub metr bolan iki sany çelege ugradylýar. Dördünji tapgyrda durolly agyr benzin iki sany benziniň hilini ýokarlandyrýan enjamlara akdyrylýar we düzümindäki durol derejesi peseldilýär. Netijede, agyr benzin 230 kub metr bolan iki sany çelege goýberilýär. Jemi dört sany çelekdäki ýeňil we agyr benzin ýangyjy geçirijilerden akdyrylanda, akym boýunça garylyp, harytlyk benzin emele gelýär. Benzini ýörite bölüji enjamda ýeňil we agyr benzin öndürilende ugurdaş önüm hökmünde kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy emele gelýär. Şeýlelikde, zawodda çykarylýan sintetiki ýangyç örän kämil ekologik häsiýetleri bilen tapawutlanar — onda daşky gurşaw üçin zyýanly bolan kükürt birleşmeleri hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaz. Zawodyň esasy önümi bolan EСО-93 benzini üç sany 18000 kub metr çelekde saklanylar. Olarda benziniň hilini bir derejede saklamak üçin ýörite sorujy enjamlar hemişe işläp durýar. Ugurdaş önümi bolan suwuklandyrylan gaz göwrümi 2000 kub metr bolan şar şekilindäki çelekde we kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy 360 kub metr göwrümindäki çelekde saklanylýar. Ähli taýýar önümleriň çelekleri ýangyna garşy suw we ýörite ergin sepiji geçirijiler bilen gurşalandyr. Taýýar önümleri ýükleýän desgada demir ýol çeleklerine, awtoulaglara benzini ýükleýän, şeýle hem awtoulaglara kadalaşmadyk benzini, kükürtsizlendirilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy ýükleýän ulgamlary hereket edýär. Zawodyň düzümine şeýle hem beýleki desgalaryň birnäçesi, şol sanda önümçilik işinde ulanylýan suwy kabul edýän we arassalaýan desgalar bar. Doly derejede çäge çökündilerinden arassalanan suw ýangyn söndüriş ulgamyna akdyrylýar. Suwuň düzümine zerur bolan himiki serişdeler goşulyp, suw sowadyjy desga akdyrylýar. Suwuň belli bir bölegi bolsa, ion çalşyjylaryndan geçirilip, doly mineralsyz ýagdaýa getirilýär. Mineralsyzlandyrylan suw bug gazanlaryna akdyrylýar. Kärhananyň çäginde suwy sowadýan desgalaryň ikisi ýerleşýär. Olaryň biri tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän desgalara, ikinjisi bolsa, kömekçi desgalara hyzmat edýär. Howa bölüji desgada Fransiýanyň «Air Liquid», Germaniýanyň «MAN Turbo» kompaniýalarynyň dünýä belli enjamlary ornaşdyryldy. Atmosfera howasy howa süzüjiler we howa gysyjylar arkaly alynýar hem-de arassalanýar. Soňra arassalanan howa bug gysyjy enjamda gysylyp, orta basyşa ýetirilýär. Gysylan howa sowuk suw bilen ýuwujy enjama akdyrylýar we howanyň gyzgynlyk derejesi sowadylýar. Sowadylan howa ýörite howa arassalaýjy çelekde galyndy suw damjalaryndan, turşy gazlardan we beýleki uglewodorod galyndylaryndan arassalanýar. Soňra howa ikä bölünip, ýylylyk çalşyjy enjamlar arkaly suwuk azoda we suwuk kisloroda öwrülýär. Şolar ýörite çeleklerde saklanylýar we bugardyjyda gaz halyna geçirilip, tebigy gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän ulgamyna paýlanylýar. Degişli bölüji ulgam zawody önümçilik üçin zerur bolan dürli basyşdaky howa bilen üpjün edýär. Bu desgada üç sany bug gazany ýerleşip, sagatda jemi 400 tonna bug öndürilýär. Ol turbalar arkaly gerek ýerine ugradylýar. Kärhanany elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ulgamy hem göz öňünde tutuldy. Bu ýerde sagatda 38 MWt elektrik energiýasy öndürilýär. Mundan başga-da, kuwwatlylygy 2500 kWt bolan ätiýaçlyk generatory awtomatik usulda işe girizilýär. Ähli gaz halyndaky zyňyndylar we suwuklyklar geçirijiler arkaly alaw ulgamyna gönükdirilýär. Alaw ulgamynyň howpsuz işlemegi üçin orta basyşly bug geçirijisi işjeň hereket edýär. Tehnologik kondensaty arassalamak boýunça desga hem göz öňünde tutuldy. Ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny nazara almak bilen, lagym suwlaryny arassalaýjy desga göz öňünde tutuldy. Ol döwrebap enjamlardan, şol sanda ýagly suwlary bölüji enjamlardan, suwy ýumşatma ulgamyndan, süzgüçlerden, galyndylary aýryjy ulgamdan ybaratdyr. Lagym suwlary zerur bolan goşundylaryň goşulmagy esasynda arassalanyp, gaýtadan ulanmak üçin akdyrylýar. Suwlary ulanmagyň şeýle usuly daşky gurşawyň abadançylygyny, onuň hapalanmakdan ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň önümçilik işi bilen tanşyp, onuň ýolbaşçysyny we işgärlerini täze gazhimiýa toplumynyň açylmagy bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de dünýäniň döwrebap tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň Türkmenistany ösdürmegiň möhüm ugrudygyny belläp, kärhananyň işine ak pata berdi. Soňra milli Liderimiz täze önümiň ilkinji tapgyryny ýurdumyzyň sarp edijilerine hem-de eksporta ugradylmagyna ak pata berdi. Şol pursat EСО-93 kysymly benzin ýüklenen ýörite awtoulaglar hereket edip başlady. Bu benzin paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýangyç guýujy beketlerine ýetiriler. Şol wagtyň özünde demir ýol arkaly ekologiýa taýdan arassa ýangyç Owganystan Yslam Respublikasyna ugradylyp başlanyldy. Mundan başga-da, ýörite awtoulaglarda goňşy ýurda suwuklandyrylan gazyň uly möçberi iberildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolan Türkmenistan Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine yzygiderli ýardam berýär. Türkmen halkynyň adyndan goňşy döwlete ynsanperwer ýüki hökmünde dostlukly owgan halkyna täze önümçilik toplumynyň önüminiň uly tapgyrynyň iberilmegi şu günki dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmenistanda amala aşyrylýan asylly işler diňe bir ýurdumyz we sebit üçin uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä möçberinde durnukly ösüşi gazanmaga mynasyp goşant bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurdaky işleriň geljekde-de yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz kärhananyň işgärlerine işlerinde üstünlikler arzuw edip, senagat toplumynyň işgärlerine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýaponiýaly myhmanlar bilen bilelikde kärhananyň çäginden ugrady. Täze senagat desgasynyň işe girizilmegi mynasybetli ýoluň ugrunda uly türkmen toýuna mahsus köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Owadan ak öýler bedewleriň üstünde ýaryşýan ýigitler, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, türkmen milli oýunlary, özleriniň ussatlygyny hem-de çalasynlygyny görkezýän türgenleriň görkezme çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň 4-nji ýangyç guýýan bekedine tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi täze zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hem-de onuň gurluşygyna gatnaşan daşary ýurtly hyzmatdaşlar mähirli mübäreklediler. Bekediň işgäri tebigy gazdan benzin öndürýän täze zawodda çykarylan ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň gelip gowşandygyny habar berip, netijeli zähmet çekmek üçin döredilen mümkinçilikler hem-de ýangyç guýujy bekediň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, şeýle hem milli Liderimiziň awtoulagyna täze benzin guýmagy haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz ýangyç üçin döwrebap töleg serişdesi bolan bank karty bilen hasaplaşdy. Bekediň hünärmeni degişli hereketleri ýerine ýetirip, döwlet Baştutanymyzyň awtoulagyna ýangyç guýdy. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribe işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi işiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, önümleriň we hyzmatlaryň ýokary derejesini, şolaryň halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün edýär. Ahal welaýatynyň çäginde gurlan gazhimiýa toplumy hut şu maksatlara hyzmat etmelidir. Şu pursatda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň kriminal barlaglar merkeziniň bilermeni hem-de «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmeni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan bu ýerdäki awtomobil ýangyjynyň hilini we himiki düzümini barlamaga rugsat bermegini haýyş etdiler. Degişli hereketler tamamlanandan soň, Içeri işler ministrliginiň hünärmeni täze zawodda öndürilen EСО-93 kysymly awtomobil benzininiň himiki düzüminiň, daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa görkezijileriniň 5-nji derejesine degişlidigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyjyň bu görnüşi ulanylanda, awtoulaglardan bölünip çykýan zyýanly gazlardan, kükürdiň oksidleri 50 esse, azodyň oksidleri 5 esse, uglerodyň oksidi 2 esse we uglewodorodlar 20 göterime çenli azalýar. Şeýle-de, bu benzin ulanylanda, awtoulaglaryň hereketlendirijilerinde emele gelýän zyýanly ýanyk örtükleri azalyp, şolaryň tehniki taýdan hyzmat ediş dowamlylygy 2 essä çenli uzalýar. Şeýle hem geçirilen barlaglardan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň awtoulagyndan bölünip çykýan uglerod oksidiniň möçberiniň bellenen kadalara görä, 0,5 derejede bolmaly. Hakykatda bolsa, bu görkeziji 0,03 göterime deň boldy. Şeýlelikde, EСО-93 kysymly ýangyç ulanylanda uglewodorodlaryň bölünip çykmaýandygy tassyklanyldy. Soňra «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmeni hem geçirilen barlaglaryň bu görnüşdäki ýangyjyň ekologiýa taýdan örän bähbitlidigini, ol ulanylanda, bölünip çykýan zyýanly gazlaryň rugsat edilen derejeden hem pesdigini tassyklady. Munuň özi Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň ekologiýa taýdan has arassadygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulagyna gerek möçberdäki ýangyç guýlup, bekediň işgärleri tarapyndan degişli hyzmat çäreleri ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde ýangyç guýujy beketde bu ýere gelen motosikletçiler hem öz ulaglaryna benzin guýdular hem-de degişli hyzmatlardan peýdalandylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaponiýaly myhmanlara hyzmatdaşlyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň ýolbaşçy düzümine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. Şol gün paýtagtymyzyň «Mizan» işewürler merkezinde Ahal welaýatynda gurlan täze gazhimiýa toplumynyň açylyşyna bagyşlanan brifing boldy. Oňa Türkmenistanyň degişli döwlet düzümleriniň birnäçesiniň hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda bu möhüm düzümleýin taslamany durmuşa geçiren kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýlelikde, dünýä tejribesindäki şeýle ilkinji desga bolan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülýändiginiň, eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine bar bolan baý serişdeler we ykdysady kuwwatdan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge aýratyn üns berilmegi energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna uly möçberde iberýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksportyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň ösdürmegiň hasabyna şol bazarda ýurdumyzyň önümlerine bolan gyzyklanmanyň artmagyny hem şertlendirýär.

Soňky habarlar
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
top-arrow