Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtlaryň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl gutlaglaryny iberýärler
Syýasy habarlar
Daşary ýurtlaryň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl gutlaglaryny iberýärler
Çap edildi 30.12.2018
1155

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Size çuňňur hoşallygymy hem-de Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Antoniu GUTERREŞ, BMG-niň Baş sekretary. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň. Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnamanyň güýje girmegi syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikler açýar. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň dostlukly halklarymyzyň bähbidine gürrüňsiz laýyk gelýär. Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagt, uly üstünlik, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Wladimir PUTIN, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Sizi Täze ýylyňyz bilen gutlaýaryn! Si SZINPIN, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo ABE maşgalasy bilen. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Size bagtdan püre-pür Täze ýyly arzuw edýärin! Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri hanym Tereza MEÝ ýanýoldaşy bilen. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Ýetip gelýän Täze ýylda Size we Siziň ýurduňyzyň ähli halkyna parahatçylyk, saglyk we abadançylyk arzuw edýärin! Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Täze, 2019-njy ýyl bilen Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan mähirli gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Nursultan NAZARBAÝEW, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Ýetip gelýän Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! Size we Siziň ýakynlaryňyza maşgala bagtyýarlygyny, berk jan saglyk, uly üstünlikler, Siziň doganlyk ýurduňyzyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Şawkat MIRZIÝOÝEW, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Emomali RAHMON, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow