Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 27.12.2018
1247

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, emele gelen gatnaşyklaryň, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanmany tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup, iki ýurduň milli we sebitleýin wezipelerini hasaba almak bilen gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat edýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, söhbetdeşler gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýola goýulmagyna we ýokarlandyrylmagyna, şol sanda işewür toparlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň köp babatda özara haryt dolanyşygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna şert döredýändigini bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamyň wajypdygyny belläp, iki döwletiň Baştutanlary bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada aýtdylar. Munuň özi türkmen we gyrgyz halklarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklarynyň netijesidir. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara ugurlaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklandy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň açyklyk we özara düşünişmek esasynda ösüşiň täze derejesine çykarylandygyny aýdyp, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow