Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 14.12.2018
1471

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewiň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek senagat ministriniň orunbasary Tahyrberdi Çaryberdiýewiç Dürhanowyň üstüne ýüklenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny hem-de innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlaryny giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna 2019-njy ýylda degişli sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary hem-de festiwallary ýokary derejede guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy. Resminama laýyklykda 2019-njy ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi hem tassyklanyldy. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri degişli sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we festiwallara taýýarlyk görmekde hem-de olary geçirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna hem-de degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýardam bermäge borçly edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow