Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Sloweniýanyň Prezidenti türkmen liderini iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Sloweniýanyň Prezidenti türkmen liderini iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 02.12.2018
1301

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlamaga hem-de Size we Siziň dostlukly halkyňyza iň oňat arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Geçen ýyllarda Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara hormat goýmaga we ikitaraplaýyn gyzyklanma esaslanýan syýasy gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ýola goýlandygyny çuňňur kanagatlanmak duýgusy bilen belleýärin. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine berk ynanýaryn. Halklarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda gepleşikleriň berkidilmegine bolan ynanyşmak, özara gyzyklanma ýörelgesi dabaralanýar. Biziň hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn. Mundan dört ýyl ozal Türkmenistana bolan saparymyň barşynda Siziň diýseň ýürekden garşylamagyňyza mynasyp bolandygymy häzire çenli ýatlaýaryn. Şeýle-de, men hem üç ýyl ozal biziň ýurdumyza resmi sapar bilen geleniňizde, Sizi kabul etmek hormatyna mynasyp boldum. Şonda Siz biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarymyzda iň ýokary derejede öçmejek yz galdyrdyňyz. Geljekde hem netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has okgunly dowam etdirmek mümkinçiliklerine şatdyryn. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Borut PAHOR, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow