Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly açyldy
Medeniýet
Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly açyldy
Çap edildi 15.10.2018
2657

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy nesilden nesle geçip gelýän we aýawly saklanylýan medeni däpler, şeýle hem häzirki döwürde olaryň ösüşi barada giň düşünje almaga mümükinçilik berýär. Dostlukly ýurtda halkymyzyň medeniýetine we sungatyna döredijilik işgärleriniň uly topary wekilçilik edýär, olaryň hatarynda Türkmenistanyň medeniýet we bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, tanymal bagşylar we sazandalar, estrada aýdymçylary, paýtagtyň hem-de welaýatlaryň folklor toparlary, teatr, muzeý we kitaphana işgärleri bar. Türkmenistanyň Medeniýet günleri Duşanbäniň Milli kitaphanasynda dabaraly açyldy, oňa iki ýurduň medeniýet ministrleri, şäher dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistandaky diňplomatik wekilhanasynyň, şeýle hem döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler däp bolup galan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny baýlaşdyrmaga, taryhy mirasy, doganlyk iki halkyň baý däp-dessurlaryny wagyz etmäge niýetlenen Medeniýet günleriniň ähmiýetini nygtadylar. Şol gün täjik paýtagtynyň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby bilen tasnyşdyrylyş boldy, şeýle hem iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň duşuşygy geçirilip, onuň barşynda türkmen – täjik ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde açylan Türkmenistanyň sebitelriniň ählisiniň muzeýlerinden alnan žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi Duşanbäniň medeni durmuşynda şanly waka boldy. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň artistleri Täjigistanyň A. Lahuti adyndaky akademiki teatrynyň sahnasynda “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby esasynda goýlan “Daýahatyn” oýnuny görkezdiler. “Kohi Borbad” Döwlet toplumynyň sahnasynda görkezilen baýramçylyk konsertinde duşanbeliler we täjik paýtagtynyň myhmanlary türkmen aýdym-saz döredijiligi, bagşylaryň sungaty we folklor toparlarynyň özüne çekiji çykyşlary bilen tanyşdylar, türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň we tans toparlarynyň ussatlygyna, halk aýdymlarynyň şahyranalygyna hem-de çuňňur manylydygyna mynasyp baha berdiler.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow