Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 9-njy Yanwar
Resmi
Resmi habarlar 9-njy Yanwar
Çap edildi 09.01.2015
2109

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we ilatymyzyň ýokary hilli et-süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine, Döwlet maldarçylyk birleşigine hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak hem-de ot-iýmlik ekinleri ekmek üçin ýer böleklerini bermek bellenildi. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Döwlet maldarçylyk birleşigine maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny öz serişdeleriniň we çekilen serişdeleriň hasabyna gurmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak hem-de ot-iýmlik ekinleri ekmek üçin Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine we Döwlet maldarçylyk birleşigine ýyllyk 2 göterim bilen iki ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyla çenli möhlete pul serişdelerini karz bermäge ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Merkezi banky karzlary bermek üçin Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna onuň ýüztutmasy esasynda ýyllyk 1 göterim bilen pul serişdelerini karz bermäge borçly edildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak arkaly bäsleşige ukyply bazar ykdysadyýetini emele getirmek, oba hojalygyny we senagaty ösdürmek hem-de täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak maksady bilen, Durnuklaşdyryş gaznasyndan Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna 300 million manat möçberdäki serişdeleri 10 ýyl möhlet bilen dolandyrmaga bermek tabşyryldy. Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak maksady bilen, 300 million manat möçberdäki serişdeleri “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna göterimsiz 10 ýyl möhlet bilen karz bermäge borçly edildi. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna olaryň maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin karz berlen 300 million manat möçberdäki serişdelerden ýylda 1 göterimden ýokary bolmadyk şertde karz bermäge ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow