Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 6-nji Mart
Resmi
Resmi habarlar 6-nji Mart
Çap edildi 06.03.2015
1892

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň adyndan baş buýrujy hökmünde Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş toplumynda ýerüsti awtoduralgalary, jemagat çäreleri geçirilýän bassyrmalary, çagalar we sport çäreleri üçin meýdançalary bolan: 1-nji gaty dükanly 4 gatly 30 öýli 2 sany hem-de 4 gatly 40 öýli 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy bilen şertnama; 1-nji gaty dükanly 4 gatly 30 öýli 2 sany hem-de 4 gatly 40 öýli 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Türkmen ýaýlasy” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň mart aýynda başlamak we döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmtadaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Toparyň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasary bellenildi.

Soňky habarlar
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow