Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habar 17-nji Mart
Resmi
Resmi habar 17-nji Mart
Çap edildi 17.03.2015
2003

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 6728 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda, dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow