Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ilatyň saglygy we bagtyýarlygy baradaky hemmetaraplaýyn alada – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr
Teswirlemeler
Ilatyň saglygy we bagtyýarlygy baradaky hemmetaraplaýyn alada – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr
Çap edildi 28.02.2018
6935

Jem­gy­ýet­de sag­dyn we iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ni mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri hök­mün­de jar ed­ýän mil­li Li­de­ri­miz spor­tuň at­çy­lyk, we­lo­si­ped we aw­to­mo­bil spor­ty, yl­gaw, ten­nis hem-de beý­le­ki dür­li gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­nyp, äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­za, oza­ly bi­len hem ýaş­la­ra nus­ga bol­ýar. Öz döw­let iş­le­ri­niň köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz her gün ýo­ka­ry us­sat­ly­gy gör­ke­zip, be­den maşk­la­ry we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga wagt tap­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz yzy­gi­der­li tür­gen­le­şi­giň ada­my di­ňe be­den taý­dan tap­la­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, on­da güýç­li erk­li­li­gi, düz­gün-ny­zam­ly­ly­gy, zäh­me­te söý­gi­ni we mak­sa­daok­gun­ly­ly­gy ter­bi­ýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty ös­dür­mek­de gör­kez­ýän ýa­daw­syz nus­ga­lyk işi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da uzak möh­let­le­ýin gel­je­ge ni­ýet­le­nen döw­let mak­sat­na­ma­sy­na gu­ra­ma­çy­lyk­ly hä­si­ýet ber­len­dir. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri adam­la­ry bir­leş­dir­ýän we Wa­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ro­waç­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän mil­li tag­ly­ma hem-de kuw­wat­ly je­bis­leş­di­ri­ji güý­je öw­rül­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ul­gam­da öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry türk­me­nis­tan­ly­lar­da bi­ra­gyz­dan gyz­gyn gol­daw tap­ýar, şeý­le hem dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň­den yk­rar edil­ýär. Yn­ha, ýur­du­myz­da “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýip at­lan­dy­ry­lan bu ýyl hem yl­gaw ýa­ry­şy­ny, we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi we “Amul — Ha­zar 2018” at­ly hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni özün­de jem­le­ýän iri çä­rä bes­len­di. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz 26-njy few­ral­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň ad­mi­nist­ra­tiw mer­ke­zi bo­lan Türk­me­na­bat şä­he­rin­den baş­lan­gyç alan köp­çü­lik­le­ýin sport ýa­ryş­la­ry­na ba­dal­ga ber­di. Bu ýa­ryş­la­ryň ug­ru­nyň hä­zir­ki wagt­da tä­ze hil de­re­je­sin­de di­kel­dil­ýän, ýü­re­gi Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän meş­hur ga­dy­my ýol bo­ýun­ça geç­ýän­di­gi­niň öz­bo­luş­ly ala­ma­ty bar­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri, adam­lar­da be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak en­dik­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek, şeý­le­lik­de, sag­ly­gy we ru­hu­be­lent­li­gi ber­kit­mek äh­li­halk we­zi­pe­si­dir. Mil­le­tiň, hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň be­den we ru­hy sag­dyn­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm ma­ýa go­ýu­my­dyr. Şun­dan gör­nü­şi ýa­ly, şah­sy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň, onuň be­den, ru­hy we ah­lak sag­dyn­ly­gy­nyň top­lum­la­ýyn ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek Türk­me­nis­tan­da ile­ri tu­tul­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­dyr. Ada­myň sag­dyn­ly­gy­na we özü­ni duý­şu­na zy­ýan­ly tä­sir ed­ýän ýa­ra­maz en­dik­le­ri, hu­su­san-da, tem­mä­ki çek­mek­li­giň ze­le­li­ni dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li aň-bi­lim işi hem bu öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ýur­du­myz­da her ýy­lyň 31-nji ma­ýyn­da tem­mä­kä gar­şy Bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­nil­ýär, oňa ga­bat­la­nyp, bir­nä­çe çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň tem­mä­kä gar­şy gö­reş bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na go­şu­lan­dy­gy­ny, şeý­le hem mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­le­ri ge­çi­ren­di­gi­ni ýat­lad­ýa­rys. Bi­ziň ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan sag­dyn we iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ne bu ugur­da ga­za­ny­lan anyk ne­ti­je­ler hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da be­den­ter­bi­ýe we sport türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ara­syn­da bar­ha köp meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, ra­ýat­la­ryň köp san­ly­sy, şol san­da ça­ga­lar we ýaş­lar dür­li sport ugur­la­ry bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýar­lar. Me­se­lem, ýaş ne­sil şow­lu­lyk we uly ru­hu­be­lent­lik bi­len spor­tuň hok­keý, buz­da typ­mak ýa­ly to­mus­ky we gyş­ky gör­nüş­le­ri­ni öz­leş­dir­ýär. Ýur­du­myz­da ila­ta hal­ka­ra öl­çeg­le­riň de­re­je­sin­dä­ki döw­re­bap luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň giň gör­nüş­le­ri­niň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün eden sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len bir ha­tar­da be­den­ter­bi­ýe we sport adam­la­ryň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­ne we ömür­le­ri­niň uzak­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Bu mak­sat­lar bi­len “Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da” we “Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry, “2011 — 2020-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň we ös­dür­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy”, şeý­le hem bir­nä­çe beý­le­ki res­mi­na­ma­lar we mak­sat­na­ma­lar ka­bul edil­di. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da sport-sa­gal­dyş ul­ga­my­ny hö­wes­len­dir­mek we kä­mil­leş­dir­mek, onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak, kö­pu­gur­ly dü­zü­mi ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça ozal gör­lüp-eşi­dil­me­dik iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de aja­ýyp sport top­lum­la­ry, sta­dion­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri we beý­le­ki­ler gu­rul­dy. Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa türk­men ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da boş wag­ty iş­jeň we peý­da­ly ge­çir­mek, spor­tuň suw gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek üçin aja­ýyp şert­ler dö­re­dil­di. Bi­lim we ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da — mek­dep­ler­de, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de, ça­ga­lar bag­la­ryn­da de­giş­li de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan hem-de ze­rur bo­lan äh­li zat­lar bi­len üp­jün edi­len sport zal­la­ry we meý­dan­ça­la­ry bar. Sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ryn­da olar bi­len ýa­na­şyk çäk­ler­de göz öňün­de tu­tul­ýar. Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, Türk­me­nis­tan­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len bir­lik­de her ýyl 7-nji ap­rel­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar ozal gör­lüp-eşi­dil­me­dik giň ge­rim al­dy. Ýur­du­myz­da özü­ne äh­li ýaş­ly we hü­när­li adam­la­ry — mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, döw­let eda­ra­la­ry­nyň, dur­muş-me­de­ni ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ni, halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li ul­gam­la­ry­nyň zäh­met­keş­le­ri­ni, ta­lyp­la­ry we mek­dep okuw­çy­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän umu­my­mil­li sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek dä­be öw­rül­di. Mö­hüm wa­ka­lar we mil­li se­ne­na­ma­myz­da­ky şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li Sag­lyk ýo­lu­na çy­kyl­ýar. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän mil­li çem­pio­nat­la­ryň, ýa­ryş­la­ryň ab­ra­ýy ýo­kar­lan­dy. Me­se­lem, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­daw­syz ala­da­la­ry, gol­daw­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da we­lo­si­ped spor­ty tä­ze kuw­wat­ly ge­ri­me eýe bol­dy. Bu ugur­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ta­ra­pyn­dan 2013-nji ýyl­da de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kil­me­gi mö­hüm ädim bol­dy. Şol ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da bol­sa döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­myz­da bu ugur­da il­kin­ji giň göw­rüm­li çä­re bo­lan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýa­ry­şy ge­çirl­di. Şu ýer­de we­lo­si­ped spor­tu­nyň bü­tin dün­ýä­de giň meş­hur­ly­ga eýe­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Çün­ki we­lo­si­ped sür­mek ada­myň sag­ly­gy­na we ru­hu­na oňyn tä­sir ed­ýär. Ol be­den ag­za­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, ýü­re­giň we dem alyş ul­ga­my­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­mak­da peý­da­ly­dyr. Türk­me­nis­tan­da spor­tuň bu gor­nü­şi­niň jan­kö­ýer­le­ri­niň sa­ny ýaş­la­ryň ara­syn­da bol­şy ýa­ly, ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da hem bar­ha art­ýar. Ýur­du­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry we­lo­si­pe­diň sport bi­len meş­gul­lan­mak­da­ky we sag­dyn ge­ze­lenç­le­ri kä­mil­leş­dir­mek­dä­ki ar­tyk­maç­lyk­la­ry­na, şeý­le hem eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, amat­ly ulag­dy­gy­na my­na­syp ba­ha be­rip, ony hö­wes bi­len öz­leş­dir­ýär­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça ýa­ryş­lar “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na hem gir­di. Bu bäs­le­şik­ler paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesin­dä­ki 6 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen aja­ýyp üs­ti ýa­pyk we­lot­rek­de ge­çi­ril­di. Bu ýer­de hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny, şeý­le hem ne­ti­je­li tür­gen­le­şik­le­ri ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz­da spor­tuň teh­ni­ki gör­nüş­le­ri, şol san­da aw­to­mo­to spor­ty ok­gun­ly ös­dü­ril­ýär. Spor­tuň bu ug­run­da tej­ri­be­li us­sat ha­sap­la­nyl­ýan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hut özü­niň gu­jur­ly gol­daw­la­ry ne­ti­je­sin­de Aş­ga­bat­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň mer­ke­zi we onuň dü­zü­mi­ne gir­ýän mo­tod­rom açyl­dy. Mil­li Li­de­ri­miz özü­ni ýo­ka­ry de­re­je­li aw­to­sü­rü­ji hök­mün­de gör­ke­zip, ýa­ryş aw­to­mo­bil­le­ri­ni ýol­suz şert­ler­de hem do­lan­dy­ryp, aja­ýyp sport en­dik­le­ri­ni köp ge­zek gör­kez­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ka­zan — Aş­ga­bat ug­ry bo­ýun­ça “Ýü­pek ýo­ly — 2009” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ýur­du­myz­da aw­tos­port us­sat­la­ry­nyň iri ýa­ry­şy — “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ady bi­len geç­ýän sport mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýän “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si gu­ra­lar. El­bet­de, bi­ziň hal­ky­myz­da däp bo­lan at­çy­lyk spor­ty uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Çün­ki Türk­me­nis­tan öz gö­zel­li­gi, aja­ýyp­ly­gy we ýyn­dam­ly­gy bi­len meş­hur bo­lan, şeý­le hem sport ba­şar­nyk­la­ry ar­ka­ly ta­pa­wut­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň wa­ta­ny­dyr. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri türk­men toý­la­ry­nyň hiç bi­ri-de at ça­py­şy­gy ýa­ly ak­ly­ňy haý­ran ed­ýän to­ma­şa­syz geç­män­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da “as­man at­la­ry­nyň” ha­ky­ky at­şy­na­sy we at çap­ma­gyň aja­ýyp us­sa­dy ha­sap­la­nyl­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş­jeň gol­da­wy ne­ti­je­sin­de at­çy­lyk spor­tu­nyň mil­li we beý­le­ki gör­nüş­le­ri, hu­su­san-da, ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çen Aş­ga­bat Azia­da­sy­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len kon­kur spor­ty üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da döw­re­bap at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gur­lup, ne­ti­je­li iş­le­ýär­ler. Di­ýa­ry­myz­da her ýyl ap­re­liň soň­ky ýek­şen­be­sin­de Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my ha­ky­ky äh­li­halk da­ba­ra­sy hök­mün­de ýo­ka­ry döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, sport äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gy, döw­let­le­riň we hal­kla­ryň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm gu­ra­ly bo­lup çy­kyş ed­ýär. Yn­san­per­wer tag­lym­la­ra we olim­pi­ýa gym­mat­lyk­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly bo­lan Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan sport ul­ga­myn­da se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýaý­baň­lan­dyr­mak işi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ul­gam­da dur­mu­şa ge­çir­ýän öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty öz anyk mi­we­le­ri­ni ber­ýär: ýur­du­my­zyň spor­ty hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar, Di­ýa­ry­myz iri hal­ka­ra ýa­ryş­lar­yň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Paý­tag­ty­myz­da­ky aja­ýyp Olim­pi­ýa şä­herçesin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­rynyň uly ýe­ňiş­le­re bes­le­nip geç­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry bu ab­raý­ly ýa­ryş­lar­da çy­kyş edip, umu­my to­par­la­ýyn ha­sap­da bi­rin­ji ýe­ri eýe­läp, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny my­na­syp go­ra­dy. Şu ýyl bol­sa Aş­ga­bat­da ýe­ne bir äh­mi­ýet­li hal­ka­ra ýa­ry­şy — agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ri­ler. Şeý­le­lik­de, bu­la­ryň hem­me­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ul­ga­myn­da­ky oňyn öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň, bi­ziň jem­gy­ýe­ti­mi­ziň “Sag­dyn be­den­de — sag­dyn ruh” ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry, şeý­le hem türk­me­nis­tan­ly­la­ryň öz mil­li Li­de­ri­niň esa­sy mak­sa­dy mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gin­den we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gin­den yba­rat bo­lan dö­re­di­ji­lik tag­lym­la­ry­nyň we sa­ha­wat­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň da­şyn­da je­bis­leş­ýän­di­gi­niň aja­ýyp su­but­na­ma­la­ry bo­lup dur­ýar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow