Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy
Medeniýet
Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy
Çap edildi 24.01.2018
1719

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän iri möçberli medeni çäre iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň arasynda 2017 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna laýyklykda guralýar. Türkmen-belarus gatnaşyklary dostlukly ýurtlaryň ynama we açyklyga esaslanýan hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasydyr, çuňňur özara hormat goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegine umumy garaýyşlar, iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän çemeleşmeler gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklarydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň medeni-ynsanperwer ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy nusgalykdyr, ol türkmen we belarus halklarynyň ruhy gymmatlyklaryna, özboluşly milli medeniýetleriň goralyp saklanylmagyna ygrarlylyga esaslanýar. Soňky ýyllarda medeniýet ugrunda bilelikdäki çäreleriň ençemesi geçirildi, türkmen we belarus halklarynyň ýakynlaşmagynyň hem-de özara düşünişmeginiň möhüm şerti bolan ynsanperwer hyzmatdaşlygynda baý tejribe toplanyldy. Belarusda beýik şahyr, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýiniň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilendigini ýatladýarys, Gündogaryň beýik akyldarynyň öçmez-ýitmez eserleri belarus diline hem terjime edildi. Ýurdumyzyň wekilleri XXI Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdylar. Belarus paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň hem-de “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň çykyşlary uly üstünlige beslendi. Öz nobatynda, dostlukly ýurduň wekilleri Türkmenistanda guralan halkara sergilere we festiwallara birnäçe gezek gatnaşdylar. Aşgabadyň konsert merkezleriniň sahnalarynda meşhur belarus “Sýabry” topary we belarus estradasynyň beýleki “ýyldyzlary” çykyş etdiler. Şekillendiriş sungaty muzeýinde iri belarus muzeýleriniň gaznalarynyň gymmatlyklary görkezildi. Iki ýurtda nobatma-nobat geçirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde çäreleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi, olara belli döredijilik toparlary, sazandalar, muzeýleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Bu çäreler döredijilik işgärleriniň tejribe alyşmagyna, olaryň dostlukly halklaryň medeni mirasy we özboluşly däp-dessurlary barada gözýetimini giňeltmäge ýardam berýär. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen buýsançly şygar astynda geçirilýän 2018-nji ýylyň ilkinji iri halkara çäresi bolan bu gezekki medeni çärede hem şu maksatlar göz öňünde tutulýar. Bu ýylyň şygary bolsa Türkmen döwletiniň häzirki zaman ösüşiniň konsepsiýasyny özünde jemleýär, ol köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni ýörelgelere, milletimiziň baý ruhy mirasyna hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýar. Medeni çärä gatnaşmak üçin Aşgabada Belarusuň medeniýet we sungat ussatlarynyň wekilçilikli topary geldi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabatda işleýän diplomatik düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşlary gatnaşdylar. Belarusuň wekiliýetiniň adyndan dostlukly döwletiň medeniýet ministriniň orunbasary Aleksandr Ýasko ýygnananlary gutlap, bu gezekki çäräniň iki doganlyk halkyň dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda uly ähmiýetini belledi. Soňra türkmen tarapyna Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna “Fransisk Skorinyň kitap mirasynyň” faksimil neşiriniň sowgat berilýändigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy, bu sowgadyň taýýarlanylmagy belarus we gündogar slawýan kitap neşir işiniň 500 ýyllygyna gabatlanyldy. 22 jiltlik eserleriň ýygyndysynda belarus taryhynyň we medeniýetiniň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan eserler jemlenendir. Ýygnananlar iki ýurduň Liderleri - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doly möçberli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýän oňyn syýasaty alyp barýandyklary, şeýle hem ajaýyp öwüşginli sungat baýramyny guramaga döredilýän mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, belarus sungat ussatlarynyň, Belarus Respublikasynyň belli döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konsertini belli baletmeýster, režissýor, sungaty öwreniji, Belarusuň halk artisti Walentin Dudkewiçiň ýolbaşçylygyndaky Belarus Respublikasynyň Döwlet akademiki tans toparynyň aýdyň öwüşginli çykyşy açdy. Bu belli tans topary dostlukly ýurduň gymmatly baýlygy bolmak bilen, özüniň döredilmeginiň 60 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Döredilenine köp ýyl geçendigine garamazdan bu topar juwandyr hem-de döredijilik meýilnamalaryndan doludyr. Muňa şu günki konserte gatnaşan tomaşaçylar hem doly göz ýetirdiler, olar ýerine ýetirilişi we žanry boýunça dürli çykyşlara, joşgunly tanslara, täsin lybasly artistlere, şirin owazly mukamlara hem-de zehinli tansçylaryň ýerine ýetirmegindäki jadyly tilsimlere haýran galmak bilen tomaşa etdiler. Belarus Respublikasynyň halk artisti Ýelena Telkowanyň ýolbaşçylygyndaky “Kupalinka” folklor toparynyň çykyşlary halk döredijiliginiň pähimliligini hem-de özboluşlylygyny açyp görkezdi. “Kupalinka” halkara bäsleşikleriniň we festiwallaryň ýeňijisidir, bu topar milli aýdym-saz sungatyny, belarus halkynyň däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmegi hem-de wagyz etmegi özüniň esasy döredijilik ýoly hökmünde saýlap aldy. “Kupalinka” topary belent owazly halk aýdymlaryny belarus medeniýetiniň gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen ýerine ýetirýär, şu gün bu aýdymlar Mukamlar köşgüniň sahnasyndan ýaňlandy. Tomaşaçylar “Kupalinka” topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Ak güllerim saňa”, şeýle hem meşhur “Aýly agşam” türkmen aýdymynyň joşgunly, uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilmegini — belarus myhmanlarynyň döredijilik sowgadyny aýratyn buýsanç we tolgunmak, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Belarus sazandalary hem “Türkmen äheňlerini” ussatlyk bilen ýerine ýetirip, özboluşly peşgeş taýýarladylar. Türkmen tomaşaçylary ýurdumyzyň dosty, meşhur “Sýabry” toparynyň köp ýyllardan bäri üýtgewsiz çeper ýolbaşçysy, Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkony mähirli garşyladylar. Bu topar indi köp ýyllaryň dowamynda gadymy däp-dessurlaryň äheňlerini hem-de häzirki döwri öz döredijiliginde sazlaşdyryp, tomaşaçylara şatlyk paýlaýar. Ýerine ýetirijilik ussatlygy hem-de aýdym-sazlaryň kalbyň töründen ýaňlanmagy bu topara ählihalk tarapyndan hakyky söýgini getirdi. Ady rowaýata öwrülen aýdym-saz topary täze aýdymlary hem, köp nesillere tanyş bolan “Belowež tokaýjygy”, “Alesýa”, “Belorussiýa”... ýaly meşhur aýdymlary hem ýerine ýetirýär. Tomaşaçylar näzik hem-de gözel halk we häzirkizaman aýdymlaryny dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar, bu aýdymlar belarus topragynyň täsin gözelligini, söýgini we dostlugy wasp edýär. Dostlukly ýurduň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan aýdyň wideoşekiller çykyşlara aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsert Belarusa baryp görmäge çagyryş aýdymy bilen tamamlandy. Mukamlar köşgüniň ajaýyp binasynda türkmenistanlylara öz ýurdunyň sungaty bilen täsin duşuşygy sowgat eden zehinli artistleriň hormatyna joşgunly el çarpyşmalar uzak wagtlap ýaňlandy. Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda Belarus telegraf agentliginiň “Belarus — 2017” atly fotosurat sergisi açyldy. Onda BELTA-nyň suratçy habarçylarynyň kyrkdan gowrak işi görkezilýär, olar Belarus Respublikasynyň durmuşynyň dürli ugurlaryny: 2017-nji ýylyň uly ähmiýetli we iň möhüm syýasy wakalaryny, dostlukly ýurduň senagat, durmuş we syýahatçylyk ulgamlarynda ýeten sepgitlerini beýan edýär. Aýry-aýry fotoişler türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlanýar. Çeper we taryhy mirasa uly orun berilýär. Köp dürli suratlaryň hatarynda Belarusuň täsin we ajaýyp künjeklerini görkezýän, belarus tebigatynyň gözelligini we gaýtalanmajak keşbini beýan edýän fotosuratlar aýratyn orun eýeleýär. Ertir, 25-nji ýanwarda medeni çäräniň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň medeniýet işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçiriler. “Aşgabat” kino merkezinde belarus çeper filmleriniň görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleri, halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmak boýunça baý medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Soňky habarlar
24.10
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň BRIKS Sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
23.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.10
Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy
top-arrow