Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli milli Liderimizi täjik kärdeşi gutlady
Syýasy habarlar
Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli milli Liderimizi täjik kärdeşi gutlady
Çap edildi 24.01.2018
2203

Geçen ýyllarda iki ýurduň dostluk we köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerinde depginli ösdürilendigini bellemäge şatdyryn – diýlip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gutlagynda bellenýär. Gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýady işlenip taýýarlanyldy, olary netijeli öňe ilerletmegiň gurallary döredildi, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň toplumy boýunça ýurtlarymyzyň arasynda köp derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Çärýek asyrda bilelikdäki tagallalarymyz bilen gazanylan bu netijeler döwletara gatnaşyklarymyzy strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi. Biz täjik-türkmen gatnaşyklarynyň şu ugur boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýarys hem-de halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyklykda olaryň ägirt uly döredijilik mümkinçiligini has doly açmak üçin bilelikde hemme zerur çäreleri görmäge taýýardygymyzy beýan edýäris. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de dostlukly türkmen halkynyň mundan beýläk-de abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikleri arzuw edýärin – diýip, Emomali Rahmonyň gutlagynda aýdylýar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow