Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti TOPH-nyň gurluşygyna maýa goýumlary üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna minnetdarlyk bildirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti TOPH-nyň gurluşygyna maýa goýumlary üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna minnetdarlyk bildirdi
Çap edildi 19.01.2018
1776

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda ulanmak maksady bilen, Saud ösüş gaznasynyň maýa goýum serişdelerini iberendigi üçin çuňňur minnetdarlyk hatyny iberdi. “Häzirki wagtda Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça bellenilen wezipeleri yzygiderli amala aşyrýar. Siziň bu maliýe goldawyňyzy hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek boýunça edýän tagallalaryňyzyň dowamy hökmünde kabul edýärin. Siziň Yslam dünýäsinde we onuň çäklerinden daşarda Saud Arabystanyna uly abraý we hormat getiren syýasy we döwlet derejesindäki parasatlylygyňyz hem-de öňdengörüjiligiňiz ýurduňyzyň üstünlikli öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň, Gudraty Güýçli Allatagalanyň görkezen ýoly bilen ynamly gadam urmagynyň girewi bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmak üçin bize täze mümkinçilikler döreýär. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky ysnyşykly medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň taryhy esaslary hem-de däpleri pugtalandyrylýar” diýlip, hatda bellenilýär. Iki Mukaddesligiň hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda çuňňur minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Onuň Alyhezretine Gudraty Güýçli Allatagaladan berk jan saglyk, uzak ömür, Saud Arabystanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow