Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr
Syýasy habarlar
Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr
Çap edildi 11.01.2018
1769

Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridi döwlet Baştutanymyza, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, onda Bütindünýä Dopinge garşy agentligiň işine hemişe goldaw we dopingden arassa türgenleri goramak boýunça maksatlary amala aşyrmaga ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Siziň howandarlygyňyzda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň Sebit dopinge garşy guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de 2017-nji ýylyň maý aýynda dopinge gözegçilik inspektorlaryny taýýarlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşanlaryň aýtmaklaryna görä şol mejlisiň üstünlikli geçendigini Size habar bermäge şatdyryn. Şeýle hem Sizi we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetini bu Oýunlaryň Aşgabatda ýokary derejede guralandygy hem-de geçirilendigi bilen gutlamak isleýärin. Mundan başga-da, Türkmenistanda Dopinge garşy göreş baradaky Kanunyň kabul edilendigine şatdyryn hem-de Türkmenistanyň Milli dopinge garşy göreş agentliginiň döredilendigine hoşaldyryn. Siziň ýurduňyzyň halkara sportunda barha ösýän üstünilkleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda has äşgär boldy, olarda Türkmenistan ilkinji gezek 89 altyn medal bilen birinji orny eýeledi. Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy göreş agentligini ösdürmekde Türkmenistana ýardam bermäge ygrarlydyr, munuň özi milli dopingpe garşy maksatnamanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de geljekde hem türkmen türgenleriniň arassa ýeňişleri gazanmagyna mümkinçilik berer diýip, Bütindünýä Dopinge garşy agentligiň prezidenti Kreýg Ridi nygtady.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow