Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň käbir häkimlikleriniň atlaryny we gurluşyny üýtgetmek hakynda Karara gol çekdi
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň käbir häkimlikleriniň atlaryny we gurluşyny üýtgetmek hakynda Karara gol çekdi
Çap edildi 06.01.2018
2061

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: - Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap häkimligini döretmeli we gurluşyny tassyklamaly; - Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap häkimliginiň, Kaka, Tejen we Sarahs etraplarynyň häkimlikleriniň işgär sanyny tassyklamaly; - Ahal welaýatynyň Baharly etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Ahal welaýatynyň Bäherden etrap häkimligi diýip atlandyrmaly; - Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap häkimligini hem-de Kaka şäher häkimligini ýatyrmaly; Ahal welaýatynyň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. *** Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: - Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi diýlip atlandyrmaly; - Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk we Büzmeýin etrap häkimlikleriniň gurluşy hem-de işgär sanyny tassyklamaly; - Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplarynyň häkimliklerini ýatyrmaly; Aşgabat şäheriniň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow