Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda
Çap edildi 05.01.2018
2278

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, şäherde iri etraplary döretmek maksady bilen, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r : 1. Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplaryny ýatyrmaly we olaryň ýerlerini Aşgabat şäheriniň degişli etraplarynyň çäklerine geçirmeli. 2. Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Büzmeýin adyny dakmaly we ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby diýip atlandyrmaly. 3. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň çäklerini şu kararyň goşundysyna laýyklykda bellemeli. 4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli. 5. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli. 6. Şu karar gol çekilen gününden güýje girýär.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow