Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 30.12.2017
1400

Aşgabat, 30-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prehzidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Mähirli salamlaşyp, iki döwletiň Baştutanlary täze, 2018-nji ýyl mynasybetli baýramçylyk gutlaglaryny alyşdylar we birek-birege berk jan saglyk, eýeleýän jogapkärli wezipelerinde we ähli başlangyçlarynda, türkmen hem-de özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan bilelikdäki işlerde uly üstünlik arzuw etdiler. Iki ýurduň Prezidentleri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini, onuň birek-birege hormat goýmak we işjeň häsiýetde alnyp barylýandygyny belläp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Söwda-ykdysady ulgamdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada aýdyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hasaplanýan netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň wajypdygyny bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, iki ýurduň ähli garalan meseleler boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň ylalaşykly gatnaşyklara we abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine bolan üýtgewsiz ygrarlydygy nygtaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda dostluk we umumy ruhy, taryhy mirasa, iki halkyň köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryna daýanmak arkaly ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek- biregi Täze ýyl bilen ýene bir gezek gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna mundan beýläk-de abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. Telefon gepleşigi özbek tarapynyň başlangyjy boýunça amala aşyryldy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow