Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 28.12.2017
1461

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap we hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň Liderleri türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler babatda maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz we Katar Döwletiniň Emiri ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere we geljekki meýilnamalara garadylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, iki ýurduň Liderleri däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özara ylalaşykly gatnaşyklara bolan üýtgewsiz ygrarlydygy bellenildi. Gürrüňdeşligiň ahyrynda iň gowy dostluk däplerine we taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani iki ýurduň halklaryna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. Telefon gepleşigi katar tarapynyň başlangyjy bilen amala aşyryldy.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow