Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Syýasy habarlar
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Çap edildi 14.12.2017
1612

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda giňden bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda giň gerim bilen amala aşyrýan işleriňizde rowaçlyk we üstünlik arzuw edýärin. Türkmenistan tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji döwlet hökmünde ykrar edildi. Biz tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň abadan durmuşyny has-da ýokarlandyrmak bilen birlikde, bütin adamzadyň ýagty geljegine gönükdirýäris. Nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar, göz öňünde tutulýan maksatnamalar oňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen amala aşyrylan we bu günki günde durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkara derejede möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem şeýle uly taslamalaryň hatarynda durýar. Geljekde hem gaz geçirijileriň täze taslamalaryny durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriniň biri bolar. Hut şonuň üçin hem biz ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz toplumyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda geçen ýyllarda düýbi tutulan gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki döwürde tebigy gazdan alynjak iň zerur önümleri öndürýän toplumlaryň gurulmagy geljekde ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy we ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan halkara energetika syýasatynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär we özüniň ornuny has-da berkidýär. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen bagly halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly nebitgaz we geologiýa pudaklarynyň zähmetsöýer işgärleri! Türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň, geologlarynyň gujur-gaýraty, ýadawsyz zähmeti netijesinde, uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemekde, agtarmakda, tapmakda, täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, guýulary çuň burawlamakda we ýataklary özleşdirmekde, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda, nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işleriň depginini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk etmekde we bu hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümçiligi ýola goýmak bilen, täze önümleri öndürmekde uly işler amala aşyryldy. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatynda geljekde öňde goýlan wezipeler, durmuşa geçirilmeli iri taslamalar köp. Nebitgaz we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda meýilleşdirilen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň nebitçileri, gazçylary we geologlary! Sizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny toplumlaýyn özgertmek boýunça amala aşyrýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow