Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Filippinleriň ilçisi Milli parlamentiň ýolbaşçysyna ynanç hatyny gowşurdy
Syýasy habarlar
Filippinleriň ilçisi Milli parlamentiň ýolbaşçysyna ynanç hatyny gowşurdy
Çap edildi 13.12.2017
1404

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Filippinler Pespublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wilfredo S.Santosdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Filippinleriň doly ygtyýarly wekili düýn giňden bellenilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine we ähli halkyna gutlaglaryny we mähirli arzuwlaryny aýtdy hem-de özüne ynanylan işleri parahatçylyk dörediji ýurtda mynasyp ýerine ýetirmegi hormat hasaplaýandygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda ilçä döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasaty bilen baglylykda babatda Türkmenistanda geçirilýän özgertmeleriň uly möçberlidigi barada habar berildi. Hususan-da, ýaşlar syýasaty babatda görülýän çäreler, ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek, ylym-bilim ulgamyny, şeýle hem sport syýahatçylygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem dünýäde milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça işler barada habar berildi. Diplomat Mejlisiň düzümi hem-de köptaraply işi, alnyp barylýan demokratik özgertmeler babatda onuň tutýan orny bilen tanyşdyryldy. Jenap Wilfredo S.Santos öz nobatynda türkmen Lideriniň Bitaraplyk syýasatynyň hem-de ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň bütin dünýäde bolşy ýaly, Filippinlerde hem uly hormat döredýändigini aýtdy. Ilçiniň belleýşi ýaly. Türkmenistanda bolmak bilen, ol amala aşyrylýan durmuş özgertmeleriniň uly möçberlidigine anyk göz ýetirmäge mümkinçilik aldy. Aşgabadyň döwrebap ýaşaýyş toplumlary, şeýle hem häzirki zaman bilim we medeni merkezleri şol iri özgertmeleriň aýdyň subutnamalarydyr. Şunuň bilen baglylykda, doly ygtyýarly wekil türkmen döwleti bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda iki ýurduň uly ähmiýet berýän bilim we syýahatçylyk ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmanyň uludygy belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ýagdaýy bolup hyzmat edýän göni parlamentara aragatnaşyklaryny ýola goýmak barada teklip aýdyldy. Diplomat iki ýurduň köptaraply gatnaşyklaryna ýokary gyzyklanma bildirýändigi barada aýdyp, türkmen-filippin gatnaşyklarynyň üstünlikli öňe ilerlemegi üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny nygtady. *** Şu gün Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow