Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
ABŞ-niň işewürler topary türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirdiler
Syýasy habarlar
ABŞ-niň işewürler topary türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirdiler
Çap edildi 13.12.2017
1559

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, ABŞ-nyň işewür toparlary ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmaga hemişe açykdygyny aýdyp, ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we dürli pudaklardaky taslamalar däp bolan işewür gatnaşyklary köp ugurly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge ugur alan ýurdumyz öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iň oňat dünýä tejribeleriniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, onuň baý mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezen ikitaraplaýyn işewürler geňeşiniň we bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň möhüm orny bellenildi. Türkmen-amerikan özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary we beýlekiler görkezildi. Işewür ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassyklap, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ornuny belledi. Munuň özi halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow