Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy barada hormatly Prezidentimize habar berdi
Syýasy habarlar
Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy barada hormatly Prezidentimize habar berdi
Çap edildi 11.12.2017
1513

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp hem-de duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ajaýyp senäniň – BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Türk holdinginiň baştutany hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we köptaraply işlerinde üstünlikleri hem-de abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edip, halkara jemgyýetçiliginiň özbaşdak ösüş hem-de ýurdumyzy gülledip ösdürmek ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli we ösüşlere beslenen başlangyçlary hem-de netijeli syýasatyň durmuşa geçirilmegi ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam edýär, şoňa görä-de, bu baýram — Halkara Bitaraplyk güni türkmen diplomatiýasynyň dünýä derejesindäki ägirt uly üstünliginiň dabaralanmasydyr. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bütin dünýäde bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň döwletleriň hem-de halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine hyzmat etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dostlugyň we doganlygyň berk gatnaşyklaryny, Türkmenistany hem-de Türkiýäni baglanyşdyrýan ruhy-medeni däpleriň umumylygyny belledi. Milli Liderimiz durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň innowasion häsiýetli senagat düzümleriniň kemala getirilmegine hem-de durmuş ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendigini nygtap, ulag ulgamynda, energetika, saglygy goraýyş pudaklarynda özara bähbitli iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna holdingiň gatnaşmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Türk işewüri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşup, köp ýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, bilelikdäki taslamalaryň, birnäçesiniň öňe ilerledilişi, şol sanda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy barada habar berdi. Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlyga taýýardygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow