Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 06.12.2017
1640

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Çung Tae-Ini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, diplomat dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýandygy hem-de Koreýa Respublikasynyň ilçihanasyna oňyn goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Jenap Çung Tae-Iniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda “Açyk gapylar” syýasatyny hem-de ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklary alyp barýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, deňhukukly we uzakmöhletleýin esasda hem-de anyk netijelere gönükdirilen türkmen-koreý gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we koreýaly diplomat dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady toplumda, energetika we ulag pudaklarynda, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda we beýleki ugurlarda ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işine we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde bilelikdäki işewürler maslahatlaryna wajyp ornuň degişlidigi bellenildi. Koreýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm nyşany bolup durýar. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe toplanyldy we bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomata türkmen-koreý döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, oňa geljekki işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. Ilçi öz işine beren ýokary bahasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda Koreýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Jenap Çung Tae-In ýurdumyzda bolan döwründe özünde oňat duýgularyň we täsirleriň galandygyny belläp, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow