Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri energetika we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri energetika we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 24.11.2017
1212

24-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, 20-21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň, kuwwaty 500 kWt bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Owganystanyň iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagynyň goňşy döwletiň ykdysadyýetini dikeltmek üçin esasy şert bolup durýandygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň däl, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň hem durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsir eder hem-de olaryň dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam eder. Şeýle hem milli Liderimiziň pikirine görä, Owgan ugrunda elektroenergetika düzümini ösdürmek boýunça ädilýän anyk ädimler hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine Türkmenistanyň saldamly goşandy bolup durýar.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow