Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah türkmen döwletiniň Baştutanyna Kuweýt Döwletine gelip görmäge çakylygyny kabul edenligi üçin hoşallyk bildirdi
Syýasy habarlar
Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah türkmen döwletiniň Baştutanyna Kuweýt Döwletine gelip görmäge çakylygyny kabul edenligi üçin hoşallyk bildirdi
Çap edildi 22.11.2017
1758

Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda şeýle diýilýär: Kuweýt Döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda oňat derejeli gatnaşyklaryň bardygyny kanagatlamak bilen belleýärin hem-de iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan bilelikdäki gyzyklanmany aýratyn nygtamak isleýärin. Siziň Alyhezretiňize Kuweýt Döwletine resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygymyzy kabul edenligiňiz üçin hoşallygymy bildirýärin. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini netijeli ara alyp maslahatlaşmakda, köp ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňelmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistana hem-de türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow