Moskwada geçirilen Küşt federasiýasy asossasiýasynyň kubogy Mihail Botwinnik adyndaky ýaryşda GDA ýurtlarynyň 14 ýaşa çenli ýaşlarynyň arasynda geçirilen güýçli küştçüleriň bäsleşiginde ildeşimiz Azat Nurmämmedow kümüş baýragyna mynasyp boldy, ol ilkinjiligi eýelän moldowiýaly Iwan Skiskodan bary-ýogry ýarym bal yzda galdy. FIDE-niň küşt ussady, Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebiniň okuwçysy Azat Nurmämmedow – Aziýa-2016-da 13 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda birinjiligi we dünýä çempionatynda ikinjiligi eýeledi. Mekdep 35 ýyl öň esaslandyryldy, ýöne hut soňky iki ýylda türkmen küştçüleri ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony bolmagyň hötdesinden geldiler. Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen 17 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky bäsleşikde Saparmyrat Atabaýew şeýle derejäni gazandy, dünýäniň iki gezek çempiony diýen ada Bägül Ezizowa, ilki bilen 7 ýaşa çenli, soňra 9 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda mynasyp boldy. Küşt ýaryşynda iň täze ýatlama “Aşgabat-2017” Oýunlarynda hakydamyza ýazyldy, onda biziň türgenlerimiz üç bürünç medalyna eýe boldular. Bu ýokary derejä biziň ýygyndymyz, ozalky Aziýa oýunlarynda mynasyp bolup görmediler. Ýokary halkara derejesindäki güýçli bäsdeşleriň garşysyndaky gazanylýan baýraklar tutuş ýurtda, hususan-da, Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebinde küştüň ösýändigini aýdyň görkezýär. Aziýadanyň alty baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlaryň bäşisi şol mekdebiň türgenleridir. Biziň küştçülerimizi Aziýa oýunlaryna taýýarlan tälimçileriň düzümine daşary ýurtly hünärmenler hem – Alekseý Dreýew (Russiýa Federasiýasy) we Sergeý Tiwýakow (Niderlandlar) girýär. Türkmen küştçüleriniň ýokary derejesine, toparlaýyn hasapda gazanylan medallar şaýatlyk edýär. Sebäbi topary taýýarlamak, bir güýçli türgeni taýýarlamakdan has hem kyn. Ýurdumyzda küştüň ösmegine berilýän uly üns, bu sport görnüşiniň hiliniň täze derejelere çykmagyna goltdy boldy. Aşgabadyň küşt-şaşka sport mekdebi iki ýyl ozal täze hem amatly binasyna gowuşdy, bu gadymy intellektual oýnuň, dünýäniň abraýly sport düzümine girýän küştüň ösmegine örän amatly şertler döredildi. Mekdebiň direktory Şöhrat Myratgulyýewiň belleýşi ýaly, otaglaryň kompýuterleşmegi, hem-de ýörite programmalar okuwyň hilini ýokarlandyrýar. Mekdebiň tälimçileri dünýä küştüniň soňky gazananlaryndan hemişe habarly bolmaga çalyşýarlar. Küşt sungatynyň eýýäm ençeme ýyl bäri “Altyn fonduna” girýän däbe öwrülen oýun tilsimleriniň dürli görnüşleri ele alynýar. Mekdepde oýnuň taryhy öwrenilýär. Geçmişdäki iň güýçli küştçileriň biri (şol döwürde bu sporta sadranç diýilýärdi we häzirkizaman küştünden käbir düzgünleri boýunça tapawut edýärdi) meşhur türkmen As-Suly bolup, ol IX asyryň ahyrynda Х asyryň başynda ýaşap geçipdir. Ol dünýäniň resmi däl çempiony hasaplanýar, onuň hasaby kyrk ýyllyk yzygider utulgysyz düzüminden ybaratdyr, şeýle-hem bu ussat döwrüniň iň zehinli küştçülerinden üstün çykyp bilipdir. As-Suly döwrüniň medeniýetiniň iň bir ösen ýurdunyň paýtagty - Bagtdatda bu intellektual oýunda meşhurlyk gazanyp, sadranç boýunça birnäçe ylmy eserler ýazypdyr. Şol döwürde oýlanyp düzülen ençeme meseläni häzirki döwrüň küştçüleri hem çözmekde uly kynçylyk çekýärler. Mekdepde dürli derejeli ýaryşlary geçirmek üçin iki sany uly zal bardyr. Türgenlere giň göwrümli kitaphana hyzmat edýär, onda müňlerçe neşir bolup, täze eserler bilen üsti ýetirilýär. Häzirki günde güýçli tälimçileriň sapak bermeginde ýurdumyzyň 6 ýaşdan 26 ýaşa çenli okuwçylarynyň bäş ýüzden gowragy tälim alýar. Taýýarlygyň tapgyrlarynyň biri hem kwalifikasiýa bäsleşikleridir. Ýaryşlarda mekdepde iki hepdäniň dowamynda taýýarlanan ýüze golaý küştçi güýç synanyşdy. Olar üçünji, ikinji we birinji dereje üçin göreşdiler. III dereje üçin bäsleşik has hem çekeleşikli boldy, munda iň ýaş küştçüler özara bäsleşýärler. Ýaşlaryna garamazdan olar örän oýlanyşykly çemeleşip, özlerine öwredilen dürli tilsimleri ýerine ýetirmek üçin bar güýjüni gaýgyrmaýarlar. Iki topardaky 13 sany ýaş küştçi üçünji derejäni almak üçin ýeterlik baly gazanmagy başardylar. Ikinji dereje üçin baly alty sany gatnaşyja toplamak başartdy. Iň güýçli küştçüler birinji derejäni almak üçin ýaryşdylar. Küştüň ýokary derejesine ýeterlik baly diňe 4 türgen ýygnap bildi. Küştüň ýene bir gyzykly tarapy, ony her ýaşda öwrenip bolýar. Eger sizi bu intellektual sport gyzyklandyrýan bolsa, onda Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebiniň gapysy hemişe-de açykdyr.