19.06
2015
Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi tamamlandy.
17.06
2015
Aşgabat, 17-nji iýun (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridyen” türk kompaniýasy tarapyndan guralan Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi açyldy.
16.06
2015
Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesindäki döwrebap gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasy eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän 2014-nji ýylda Ýewropada we Ýewraziýada on taslamanyň iň gowularynyň biri hökmünde Beýik Britaniýanyň “TXF” guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
13.06
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
09.06
2015
Şu günler milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemrasynyň üsti bilen ýaýlyma berlip başlandy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ozal habar berlişi ýaly, telekontenti ulanyjylar özleriniň antennalaryny gündogar uzaklygyň 52 gradusyna gönükdirip, onuň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler.
08.06
2015
Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly Dokma senagaty işgäreleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen halkara sergisi öz işini tamamlady.
07.06
2015
Aşgabat, 7-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly dokma önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady, bu dokma önümleriniň gözden geçirilişi ýurdumyzda her ýyl bellenilýän dokma senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.
06.06
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
05.06
2015
Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda bolan mejlisinde Türkmenistanyň milli aragatnaşyk hemra ulgamynyň öz işine başlaýandygy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji türkmen hemrasynyň ulanylmagynyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatyndan doly peýdalanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
03.06
2015
Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, 28-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk işiniň başlanmagyna ak pata berip, babadaýhanlara ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.