Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Maldarçylykda işewürlik taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bir ýylyň dowamynda şöhlat önümleriniň ýurdumyza getirilmegini 5,8 esse azaltmaga mümkinçilik berdi
Ykdysadyýet
Maldarçylykda işewürlik taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bir ýylyň dowamynda şöhlat önümleriniň ýurdumyza getirilmegini 5,8 esse azaltmaga mümkinçilik berdi
Çap edildi 13.02.2017
1813

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy 2016-njy ýylda şöhlat önümleriniň daşary ýurtlardan getirilmegini 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,8 esse azaltmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda ilatyň ete, towuk etine, süýde, ýumurtgalara islegleri hususy haryt öndürijileriň hasabyna kanagatlandyrylýar, telekeçiler şeýle hem içerki bazary gök-miwe hem-de bakja önümleriniň esasy bölegi bilen üpjün edýärler. Geçen ýyl ýurdumyzyň önüm öndürijileri daşardan getirilýän ýumurtgalaryň ornuny tutýan möçberde üpjün etmegi başardylar, 2015-nji ýylda daşardan 62 million sany ýumurtga getirilipdi. 2015-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna 37 sany maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berildi, olaryň käbirleri eýýäm ulanmaga tabşyryldy. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Mysal üçin, 1200 baş iri şahly maly idetmek üçin Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda “Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri desgany gurýarlar. Häzirki wagta çenli bu jemgyýetiň işgärleri tarapyndan ýazky iýmlik ekinleriň ekişine taýýarlyk görülýär. Maldarçylyk toplumy sarp edijilere her ýyl 100 tonna süýt we 300 tonna et ibermäge niýetlenen ýokary tehnologiýaly önümçilikden ybarat bolar. Bu maksatlar üçin döwlet tarapyndan hususy kärhana uzak möhletleýin peýdalanmak üçin 600 gektar ýer bölünip berildi, bu meýdanyň 17 gektaryny toplumyň binasy hem-de kömekçi tehniki desgalar eýelär, galan ýer bölegi ot-iýmlik ekinleri ekmek üçin tapgyrlaýyn özleşdiriler. Ruhubelent etrabynda başga bir huusy kärhana tarapyndan ýene bir maldarçylyk toplumy bina edilýär, ol ýylda 100 tonna süýt we 80 tonna et öndürmäge niýetlenendir. Şeýle desgalar şu ýylyň dowamynda welaýatyň başga-da birnäçe etraplarynda bina ediler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow