19.03
2017
Türkmenistanda ilkinji hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinde iri himiýa kombinatynyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze pudagyň – bu ulgamda ylmyň we tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak bilen dag-magdan senagatynyň döredilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzy ösen senagatly döwlete öwürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.
19.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy bilen “Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny gurmak hakynda” kararyna laýyklykda gurluşygy tamamlanan desgany ulanmaga kabul etmek boýunça işleri talabalaýyk guramak maksady bilen, Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
18.03
2017
Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlarynyň we geljekki mümkinçilikleriniň çäklerinde şu gün TSTB-niň Işewürler merkezinde maslahat geçirildi.
18.03
2017
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler degişlilikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar.
17.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ady “Türkmenhowaýollary” gullugy diýlip üýtgedildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň raýat awiasiasynyň işini kämilleşdirmek we ony dolandyrmagyň düzümini halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen kabul edildi.
14.03
2017
Şu gün, hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet saparynyň öňüsyrasynda bu ýerde türkmen-katar işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça täze çemeleşmeleri kesgitlemek hem-de ylalaşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
14.03
2017
Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol sergi katar hyzmatdaşlaryna döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürip bilýän gaýtadan işleýän pudaklaryň döwrebap düzümlerine daýanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň ägirt uly gazananlary barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.
14.03
2017
Şu gün Dohada açylýan türkme-katar işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara hereket etmek üçin geljegi uly taslamalar görkeziler.
14.03
2017
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi katar işewürlerine öz kompaniýalarynyň üstünliklerini hem-de maýa goýum taslamalaryny görkezdiler. Dohada geçen ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň çäklerinde, şol sanda 16 müňden gowrag agzasy bolan TSTB-niň ulgamynda ykdysady özara gatnaşyk etmegiň usasy ugurlary beýan edildi.
11.03
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.