Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy
Ykdysadyýet
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy
Çap edildi 07.07.2017
2002

2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy. Bu barada hökümetiň giňeldilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, Döwlet býujetiniň girdejileri artdy, bu bolsa aýlyk zähmet hakynyň, ortaça 9 göterim ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem milli walýutanyň – manadyň hümmetiniň bellenilen derejede saklanmagyna mümkinçilik berdi. Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Häzirki döwürde umumy bahasy 47 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar. Olaryň 1800-e golaýynyň gurluşygyny ýurdumyzyň gurluşykçylary alyp barýarlar. Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda iri desgalaryň 59-sy, şol sanda has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň 632 müň 500 inedördül metri ulanmaga berildi. Bu desgalaryň umumy bahasy 2 milliard amerikan dollaryna deňdir.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow