«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy.
Şu gün — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.
Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu halkara forum ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça iri çäreleriň biri bolmak bilen, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady.
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy.