05.08
2015
Giiňşleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanan soň, “Ala-Arça” Döwlet kabulhanasynda hormatly Prezidentimiziň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Metbugat maslahatlary zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
05.08
2015
Bişkekde geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler ik ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümden dowam etdirildi. Gepleşikler “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň uly zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Gyrgyzystanda başlanan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
05.08
2015
Bişkekde “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda ikiçäk gepleşikler başlandy.
05.08
2015
Aşgabat-Bişkek, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
04.08
2015
Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durky täzelenen “Köpetdag” stadionynda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda geçirilen futbol duşuşygyna gatnaşdy.
04.08
2015
Aşgabat, 4-nji awgust /TDH/. Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli täze bina edilen Uçarmansyz uçýan enjamlar merkezine geldi. Merkeziň ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
04.08
2015
Aşgabat, 4-nji awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýedi aýynda geçiren işleriniň jemlerine garaldy.
04.08
2015
Aşgabat, 4-nji awgust TDH. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministri Kentaro Sonourany hem-de Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Jun Nanazawany kabul etdi.
04.08
2015
5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary başlanýar.
03.08
2015
Aşgabat, 3-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlyk dynç alyşdan soň Aşgabada gaýdyp geldi.