Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriiň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriiň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi
Çap edildi 05.08.2015
1142

Bişkekde “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda ikiçäk gepleşikler başlandy. Duşuşykdan öň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata duşmek dabarasy boldy. Özara düşünişmek we ynam ýagdaýynda geçen gepleşikleriň berşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Almazbek Atambaýew türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meselleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary ýangyç-energetika, ulag we söwda-ykdysady ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şeýle hem däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek baradaky pikiri öňe sürdüler, bu gatnaşyklaryň binýady iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygyna esaslanýar. Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyň çäklerinde taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde Uly mejlisler zalynda dowam etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow