Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Uzakmöhletleýin bähbitlere kybap gelýän hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Uzakmöhletleýin bähbitlere kybap gelýän hyzmatdaşlyk
Çap edildi 04.08.2015
1192

5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary başlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň çakylygy boýunça Gyrgyz Respublikasyna amala aşyrjak şu saparyna däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň hem-de syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegini nazara almak bilen, aýratyn möhüm dereje berilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolup, işlenip taýýarlanan hukuk binýady, hökümet we pudagara derejelerinde yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler we gatnaşyklar, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň netijeli işlemegi üçin şertleri döretmäge özara taýýarlyk munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu topary döretmek hakynda teklip, geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen türkmen-gyrgyz duşuşygynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Netijelilik we özara düşünişmek ruhuna beslenen bu gepleşikler ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ozaly bilen abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Almazbek Atambaýew taraplaryň ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, özara bähbitli esasda guralýan hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň çemeleşmeleriniň we nukdaýnazarlarynyň ýakynlygy dürli derejelerde türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi. Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurtlar Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkitmek, sebitde öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerini pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýärler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ozaly bilen, energetika we ulag ýaly strategiki pudaklar görkezilýär. Taraplar Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça täze gaz geçirijini çekmegiň iri möçberli taslamasyna uly ähmiýet berýärler. Olar şeýle hem Ýewraziýanyň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň Gündogar-Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak boýunça giň gerimli sebit hem-de yklym ähmiýetli taslamalara bilelikde gatnaşmagynyň dünýä ykdysadyýetine we söwdasyna üstünlikli goşulyşmak üçin ägirt uly we goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirýärler. Iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli şu we beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda döwlet saparynyň öň ýanynda Bişkekde geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynyň gün tertibine girizilmegi tötänden däldir. Esasy ugurlaryň birnäçesinde ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmäge we täze bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge özara taýýarlygyň bardygyny tassyklap, türkmen-gyrgyz işewürler maslahatyna gatnaşyjylar ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň üstünlige eýe boljakdygyna ynam bildirdiler. Şol gepleşikleriň Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine doly kybap gelýän hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygy ikuçsyzdyr. Ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň jemleri boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär. Olar ähli gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmak hem-de köp ugurly hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin hukuk binýadyny has-da berkider.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow