10.12
2016
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara tejribesi: durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
09.12
2016
Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň berjaý edilişi seljerildi, döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we ýakyn geljek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlendi.
07.12
2016
Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “General Electric” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýadaky hem-de GDA ýurtlaryndaky prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Ronald J.Polletti kabul etdi.
07.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife Pakistanyň Halkara Howaýollarynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň netijesinde ýurduň köpsanly raýatlarynyň gurban bolmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.
06.12
2016
Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi.
06.12
2016
Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
05.12
2016
Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň barşyna hem-de giňden bellenilýän şanly seneler bolan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygyna we Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
05.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.
02.12
2016
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.12
2016
Aşgabat, 1-nji dekabr (TDH). Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen iki günlük duşuşykda öňdebaryjy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň meselelerine garaldy.