Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Çap edildi 05.12.2016
1355

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiz öz gutlagynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan doganlyk gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň biziň ýurtlarymyzyň syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk we egsilmez gujur-gaýrat, şeýle hem Özbegistanyň doganlyk halkynyň parahatçylygyna, gülläp ösmegine we öňe gitmegine gönükdirilen iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow