18.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Kaýseri
şäherinde bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
17.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Malaýziýanyň ХV Ýokary Baştutany Sultan Muhammad V Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta çykmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
16.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Torhilda Meri Wiwia Ebbott-Uatty kabul etdi.
16.12
2016
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
14.12
2016
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Paolo Jentiloni Silweri Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy wezipesine girişmegi mynasybetli ýürekden gutlady.
12.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kristian Bergerden ynanç hatyny kabul etdi.
12.12
2016
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli senenamanyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyny giňden belleýär. Şöhratly sene mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy. Türkmen paýtagty dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.
12.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä ýurduň Kair şäherinde Kopt ybadathanasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
12.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli baýramçylygy—Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.
12.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Edrian Makdeýdden ynanç hatyny kabul etdi.